Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 31.08.2025
2249

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki döwürde Özbegistan Respublikasy syýasy, durmuş-ykdysady we beýleki ugurlarda öňegidişlik hem-de gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Biz ýakyn goňşymyzyň gazanýan üstünliklerine begenýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky häzirki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn hem-de durnukly häsiýete eýedigini we hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow