Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 31.08.2025
2195

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine has-da berkidiljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow