Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolar. Forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan foruma gatnaşyjylar iki günüň dowamynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler we gazanylýan üstünlikler bilen tanşyp, türkmen hyzmatdaşlary bilen maýa goýum taslamalaryny, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.
Forumyň işi «Strategik netijeliligiň şerti hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Oňa ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň, işewür toparlarynyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko mejlisi açyp, durnukly ösüş üçin maýa goýum dialogynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara söz berdi. Ilki bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetine we çäräni guraýjylara bu möhüm forumyň geçirilýändigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Rabab Fatima bu çäräniň Türkmenistanyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny görkezýändigini aýdyp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny üstünlikli geçirmekde ýurdumyzyň uly goşandyny aýratyn nygtady.
Bellenilişi ýaly, bu maslahat Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde hyzmatdaşlary möhüm ösüş meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin bir ýere jemlemäge we köptaraplaýyn inklýuziw hyzmatdaşlyga ýardam bermäge ukyplydygyny görkezdi. Maslahatyň netijelerine ser salnanda, DÇBÖBD üçin giň maýa goýum mümkinçilikleriniň açylýandygyny görmek bolýar. Ýaş ilatly we energiýa serişdelerine baý, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar durnukly ösüşiň hem-de innowasiýalaryň merkezleri bolup biler. Hereketleriň Awaza maksatnamasy bu mümkinçilikleri ulanmak üçin geljegi nazarlaýan hemmetaraplaýyn “Ýol kartasyny” hödürleýär. Maslahatda gazanylan netijelere daýanyp, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy häzirki wagtda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Awaza maksatnamasynda göz öňünde tutulan infrastruktura maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegiň mehanizmini döretmek boýunça iş alyp barýar. Bu mehanizm DÇBÖBD-niň infrastrukturasyny dünýä standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan maýa goýumlary çekmekde möhüm orun eýelär we maýa goýum syýasatyny özara laýyk getirmek, öňdebaryjy tejribäni alyşmak arkaly durnukly we özgerdiji maýa goýumlar üçin has amatly şertleri döreder.
Hanym Rabab Fatima Awaza maslahatynyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Ählumumy işewürlik torunyň işe girizilendigini, bu başlangyjyň agzalan ýurtlary dünýä maýadarlary bilen baglanyşdyrmaga, ykdysady ösüşi ilerledýän hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady we hemmeleri bu tora goşulyşmaga hem-de DÇBÖBD bilen halkara maýa goýum jemgyýetçiliginiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak işine goşant goşmaga çagyrdy. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda Awazadaky maýa goýum forumynda ýola goýuljak hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň DÇBÖBD babatda umumy tagallalary durmuşa geçirmek üçin wajyp ähmiýete eýedigini aýdyp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Gün tertibini ilerletmäge üýtgewsiz ygrarlydygy üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Mazer Mallor öz çykyşynda ýurduň ykdysady ösüşinde maýa goýumlaryň ornuna üns çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler maýa goýumlary çekmek we iri taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Foruma gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerinde Bütindünýä banky ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar. Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, esasy hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini hem-de ýurduň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak boýunça durmuşa geçirýän tagallalaryny belledi. Umumy pikire görä, halkara hyzmatdaşlyk we açyklyk strategik netijeliligi gazanmak üçin möhüm şertler bolup durýar.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň esasy pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak, ösüşiň senagat-innowasion görnüşini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini ulanmak arkaly ekologik taýdan arassa tehnologiýalara we sirkulýar ykdysadyýete geçmek, sanlylaşdyrmak orta möhletli ösüş döwrüniň möhüm wezipeleri bolup durýar. Täze tehnologiýalary, döwrebap enjamlary ornaşdyrmaga, adam maýasyna we ýurdumyzyň ekologik, durmuş-ykdysady abadançylygyny üpjün edýän ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlarydyr. Döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmek, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ulag ugurlarynyň merkezleriniň birine öwürmek hem şunda aýratyn wezipe bolup durýar.
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna girmek boýunça işleri alyp barýar. Häzirki wagtda BSG-niň standartlaryny hem-de düzgünlerini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurdaky işler BSG-niň Sekretariaty, beýleki halkara guramalar we institutlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa aýratyn ähmiýet bermek bilen, daşary ýurt maýa goýumlary üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. Ýurdumyz energetika pudagynda-da hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň sebitleri baglanyşdyrýan ygtybarly energetiki hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny görkezýän taslamadyr. Işewürlik ýagdaýyny has-da gowulandyrmak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistan gümrük amallaryny we migrasiýa syýasatyny kämilleşdirýär. Bu iki möhüm ugurda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy eksporty ösdürmek, täze hyzmatdaşlary çekmek üçin amatly şertleri döredýär.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň diňe bir tebigy serişdeler bilen däl, eýsem, işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen hem şertlendirilendigini bellediler. Halkara guramalaryň, şol sanda Bütindünýä bankynyň, Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň wekilleri Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak we ygtybarly institusional esaslary döretmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdiler. Plenar mejlise gatnaşyjylar maýa goýum meýdançasy hökmünde Türkmenistanyň strategik taýdan netijeliligini biragyzdan bellediler. Nygtalyşy ýaly, açyk dialog, özara bähbitli hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar.
Soňra forum öz işini «Ygtybarly energetika durnuklylygy: Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan pudaklarynyň ösüşi» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini ygtybarly iberiji hökmünde öz ornuny pugtalandyrmak üçin ägirt uly kuwwata eýedir. «Dragon Oil», «PETRONAS» ýaly iri energetika kompaniýalarynyň wekilleri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýetine hem-de bu ulgamda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin döredilýän amatly şertlere aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle-de mejlisde nebit we gaz pudaklaryny ösdürmegiň strategiýalary, hususan-da, serişde binýadyny giňeltmek, önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly çykyşlar diňlenildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň mümkinçiliklerini-de işjeň öwrenýär. Bilermenler energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýän Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça geljegi uly taslamalara ünsi çekdiler. Şunda “ýaşyl” energetika durnukly ösüşi üpjün etmegiň strategik ugry bolup durýar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebit energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Bilermenler bu taslamanyň diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuş-ykdysady ösüşine hem ýardam etjekdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taslamalary dolandyrmak, maýa goýumlary çekmek babatda täze garaýyşlar beýan edildi. Şeýle-de çykyşlarda diňe bir çig malyň eksportynyň däl, eýsem, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemegiň hem möhüm ugur bolup durýandygy bellenilip, gazhimiýa toplumlaryny, polimerleri öndürýän zawodlary gurmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyryldy. Foruma gatnaşyjylar şeýle çemeleşmäniň Türkmenistana çig mal eksporty bilen bir hatarda, taýýar önüm eksportyny hem ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini, munuň bolsa ýurdumyzyň dünýä bazarlaryndaky ornuny has-da pugtalandyrjakdygyny nygtadylar. Şeýle taslamalar täze iş orunlaryny döretmäge, ugurdaş pudaklary ösdürmäge, tehnologik ösüşi ilerletmäge ýardam berýär.
“Türkmenistanyň gurluşygynda we senagatynda täze meýiller hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly mejlisdäki çykyşlarda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli gurluşyk taslamalarynyň we önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň daşary ýurtly maýadarlar üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ýokary ösüş derejesini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga açykdygyny nygtadylar. Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň senagat taýdan ösüş strategiýasyna ünsi çekdiler. Bu strategiýa ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegini, senagat pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu taslamalar içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam berer.
Halkara bilermenler Türkmenistanyň döwrebap standartlary we kadalary ornaşdyrmak bilen, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek ugrunda netijeli iş alyp barýandygyny bellediler. Daşary ýurtly maýadarlar üçin amallaryň ýeňilleşdirilmegi, salgyt ýeňillikleriniň, döwlet kepillikleriniň berilmegi ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini artdyrýar. Şunda halkara maliýe institutlarynyň wekilleri ýeňillikli maliýe we bilermenlik kömegini bermek arkaly senagat pudagynda taslamalary amala aşyrmak üçin goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar. Mejlisiň dowamynda gurluşyk we senagat pudaklarynda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle mehanizm döwlet serişdelerini we hususy başlangyçlary birleşdirip, iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň şeýle taslamalary amala aşyrmakda baý tejribesiniň bardygyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny nygtadylar.
“Türkmenistanda ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüşi. Ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlar” atly mejlise gatnaşyjylar ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek meselesine ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, ulag-logistika pudagyna maýa goýumlar Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Bütindünýä bankynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň wekilleri ýurdumyzyň geografik taýdan strategik çäkde ýerleşmegini, halkara ulag geçelgeleri ulgamynda eýeleýän möhüm ornuny bellediler. Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ýaly halkara ulag geçelgelerinde möhüm halka bolup durýar. Şoňa görä, demir ýol, ulag we deňiz infrastrukturasynyň ösdürilmegi ýurdumyz üçin strategik ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, deňiz we demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, bu taslamalar ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ep-esli ýokarlandyrmaga, logistika merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrmaga ýardam berer. Bilermenler Türkmenistanyň logistika zynjyrlaryny gowulandyrmak üçin ulagyň dürli görnüşlerini birleşdirip, multimodal ýük daşamalary işjeň ösdürýändigini nygtadylar. Munuň özi ýükleri daşamak üçin sarp edilýän wagty hem-de çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkara ýük daşaýjylar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini artdyrýar. Mejlise gatnaşyjylar ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirlen taslamalary durmuşa geçirmek üçin goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
“Howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we gaýtadan işleýän oba hojalyk senagatyna maýa goýumlar” atly mowzuklaýyn mejlisde çykyş edenler azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary, durnukly tejribeleri ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Bütindünýä bankynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) wekilleri ykdysadyýetiň bu wajyp ugruny ösdürmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar. Mejlisde oba hojalygyny ösdürmegiň strategiýalary, hususan-da, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreler baradaky çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan suwaryş ulgamlaryny ösdürmäge, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň gurakçylyga durnukly görnüşlerini döretmäge aýratyn üns berýär. Mejlise gatnaşyjylar ýokary goşulan bahaly önümleri döretmäge we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga mümkinçilik berjek gaýtadan işleýän oba senagatyna maýa goýumlary çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Bilermenler Türkmenistanyň pagta, bugdaý, gök-bakja ekinleri ösdürip ýetişdirmekde baý tejribesiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak bilen bagly taslamalar tanyşdyryldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer. Forum 19-njy sentýabrda öz işini tamamlar.