Hormatly Başlyk!
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary hem-de agzalary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlamaga we netijeli işleri arzuw etmäge rugsat ediň! Hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýaryn we oňa üstünlikleri arzuw edýärin. Şeýle hem ozalky sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ilçi Filemon Ýanga minnetdarlyk sözlerini aýtmak isleýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we meýilleri döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýär we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýar.
Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr. Häzirki wagtda bu wezipeleri ilerletmekde we ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biriniň bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidigine berk ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, muny möhüm diýip hasaplaýarys. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat gelýär. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris.
Döwlet çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesi, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýola goýulmagy hem-de pugtalandyrylmagy ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.
Ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmek meselelerine häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap saklamagyň hem-de ýakynlaşdyrmagyň zerurdygy bilen aýrylmaz baglanyşykda garaýarys. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi teklip eder. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu Kararnama gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.
Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu mesele boýunça köptaraplaýyn dialogyň merkezleriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirer. Şu gezekki sessiýanyň dowamynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe süreris. Munuň ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys. Şeýle hem ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Bu prosesiň deňagramly häsiýete eýe bolmalydygyna, onuň ähli döwletleriň, şol sanda ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmalydygyna, syýasylaşdyrylmakdan we birtaraplylykdan azat bolmalydygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.
80-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistan ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri-de dowam eder hem-de bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat ediner.
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar diýip hasaplaýarys. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen we Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerleder. Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Ony 2026-njy ýylda geçirmegi teklip edýäris.
Häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam etmegiň möhümdigine ynanýarys. Medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip edýäris.
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary hem-de agzalary!
Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýandygyny hemişe nygtamagymyz tötänden däldir. Biz BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny ynam bilen aýdýarys. Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygyň we ösüşiň kepili, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydyr.
Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.
Hanymlar we jenaplar!
Şu mejlis Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 30 ýyl mundan ozal şu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini işjeňleşdirmäge ýardam berdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Türkmenistan özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklar we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerer.
Ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn we hyzmatdaşlygymyzy hem-de özara düşünişmegimizi pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw edýärin.
(Nýu-Ýork şäheri, 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabry)