Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 27.09.2025
1741

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna, halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň has-da berkidiljekdigine ynanýaryn.

Siziň ýurduňyza parahatçylyk we gülläp ösüş, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Li Çže MÝON,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, onuň has-da ilerlediljekdigine umyt edýärin. Ýurtlarymyzyň tagallalaryny birleşdirmek arkaly ählumumy derejede howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň 
Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy KARL III maşgalasy bilen.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Germaniýa Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy beýan etmek bilen, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de abadançylyk, berk jan saglyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

FILIPP,
Belgiýanyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Sizi Slowakiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Siziň başlangyjyňyz bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Türkmenistanyň halkara derejede eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrylmagynda aýratyn sepgit bolup durýar.

Şu şatlykly günde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygymyza Sizi ynandyrmaga rugsat ediň! Şeýle hem Slowakiýanyň ykdysady, medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn dialogy giňeltmäge taýýardygyny tassyklaýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk, Türkmenistana we onuň halkyna parahatçylyk, durnuklylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Peter PELLEGRINI,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Size we Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Petr PAWEL,
Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Size Serbiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi hem-de türkmen halkynyň abadançylygy baradaky hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.

Özara düşünişmek we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Ol Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Aleksandr WUÇIÇ,
Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow