Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna häzirki wagta çenli 25-den gowrak döwletiň goşulandygyny bellemek gerek. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, bitaraplyk ýörelgeleri esasynda döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga, köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleler çözülende döwletleriň, halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynyň mazmunyna hem-de ugurlaryna oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni barha giňden ykrar etdirýär. Birleşen Milletler Guramasy bolsa parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr.
Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk şanly seneleri utgaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň we dünýäniň iň iri halkara guramasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze tapgyry açýar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň degişli Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi. Taryhy wakalara beslenýän bu ýylda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär. Şunda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Şolaryň hatarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipler bar. Türkmenistan halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjy parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda täze tapgyry açar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy bähbitleri göz öňünde tutýan bu başlangyçlary ilerletmekde Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy barada pikir alyşdylar. Olaryň nygtaýyşlary ýaly, parlamentara dialog ynanyşmagy berkitmegiň, diplomatiýany ösdürmegiň we ählumumy wehimler babatda bilelikde çözgüt çykarmagyň netijeli guralydyr. Halklara wekilçilik etmek bilen, parlamentariler parahatçylyga, durmuş bitewüligine, durnukly ösüşe täsir edýän syýasy gurşawy kemala getirmäge hem-de ony has-da ösdürmäge ukyplydyr. Bitaraplygyň dostlary topary we parlamentara hyzmatdaşlyk bolsa bu ugurdaky wezipeleri durmuşa geçirmegiň iň amatly nusgasyna, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mazmunynyň has sazlaşykly häsiýete eýe bolýan görnüşine öwrüldi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň bu ugurda gazanylan tejribäni we netijeleri hemmetaraplaýyn maslahatlaşmak üçin amatly gurşawy, halkara durmuşyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze, has täsirli gurallaryny işläp düzmek üçin şertleri döredendigini nygtap, forumy gurandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.