Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 15.10.2025
1603

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.

Işewür bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda himiýa senagatynyň ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewüre hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
top-arrow