Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Çap edildi 17.10.2025
43

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu düzüm medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara başlangyçlary durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara, her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanan açyk dialog üçin şertleri döredýär. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny amala aşyrmakda, medeni, bilim-ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem degişlidir.

Mejlisde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýyl üçin meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. ÝUNESKO we onuň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan geçirilen halkara hem-de sebit maslahatlaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlara saparlar guraldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna we beýleki köp sanly resminamalaryna goşulmagy bilen, ýurdumyz olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri geljek nesiller üçin saklamak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar.

ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologik ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda adamzat daşky gurşawy gorap saklamagyň we planetany durnukly ösdürmegiň ýollaryny gözleýär. Türkmenistanda milli geologik seýilgähleriň döredilmegi ekologik taýdan arassa, senagata bagly bolmadyk ösüşiň geljegi uly serişdeleriniň biridir. Maksatnamanyň esasy maksady ýerli ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, geologik mirasy peýdalanýan we ilerledýän ählumumy çäk ulgamyny döretmekden ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler tory halkara geologik ähmiýetli ýerleriň we landşaftlaryň gorag, bilim, gözlegler, ösüş konsepsiýalary arkaly dolandyrylmagyny göz öňünde tutýan bitewi çäkleri emele getirýär.

Geoseýilgähler milli we sebit kanunçylygynyň çäklerinde goralmaly halkara geologik ähmiýetli obýektlerdir landşaftlary öz içine alýan birleşen geografik zolaklardyr. Olaryň esasy maksady sebitiň geologik hem-de geologik däl mirasyny goramakdan, olary ylmy we syýahatçylygy ösdürmek üçin meýdança hökmünde ulanmakdan ybaratdyr. Olar ýerli landşaftyň taryhyny, daşky keşbini açyp görkezýär we adam bilen tebigatyň arasyndaky, şeýle hem adamzat jemgyýetiniň içindäki özara gatnaşygy üpjün edýär.

Mejlise gatnaşyjylara geoseýilgähleri döretmek işiniň yzygiderliligi, bu ugurda halkara tejribeler we gurama tarapyndan edilýän talaplar barada maglumat berildi. Türkmenistanda şeýle obýektiň döredilmegi milli tebigy mirasy gorap saklamakda, ekosyýahatçylygy ösdürmekde möhüm ädim bolar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda geoseýilgähi döretmegiň we ony ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň geoseýilgählerini döretmek meselesi öwrenilýär. Ýurdumyzda özboluşly geologik obýektler bar. Şunda Garabogaz aýlagynyň günorta-gündogar kenaryndaky kanýonlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mundan başga-da, läbik wulkanlar bolup, olar halkara ähmiýetli geologik miras derejesine eýedir. Bu sebitlerde geoseýilgähleriň döredilmegi diňe bir tebigy baýlyklary goramak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli ykdysadyýeti goldamak, täze iş orunlaryny döretmek, ekosyýahatçylygy ösdürmek, sebitiň geologik mirasynyň ähmiýeti barada ilatyň bilimini artdyrmak babatda-da wajyp ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde garalan aýratyn mowzuklaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, degişlilikde, «Parahatçylygyň dilleri», «Parahatçylygyň medeniýeti», «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublary hereket edýär. 2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk we ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly altynjy klub açyldy.

ÝUNESKO klublarynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda döredijilik we gözlegde bolmak işlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, medeni gymmatlyklar, öz ýurduň däp-dessurlary barada bilmek nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlary, mugallymlary klublaryň işjeň agzalary bolup, ÝUNESKO-nyň ynsanperwer ýörelgelerini, parahatçylyk we özara düşünişmek maksatlaryny çuňňur öwrenýärler hem-de wagyz edýärler. Medeniýetara gatnaşyklar, beýleki medeniýetlere hormat goýmak ruhuny terbiýelemek, medeni we taryhy mirasy gorap saklamak, daşky gurşawy goramak klublaryň esasy wezipeleridir. Şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
17.10
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
16.10
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär
16.10
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
15.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow