Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 17.10.2025
1962

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, syýasy dialogyň işjeň ilerledilýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen mundan beýläk-de ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny tassyklady.

Myhman Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, halkara ulag geçelgeleri, hususan-da, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sanlylaşdyrmak, infrastruktura we innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Ony ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparyna möhüm orun degişlidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň ýurdumyza saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň we duşuşyklarynyň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow