Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.
Bank ulgamynyň işjeňligini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny we ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekden, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu baş maksada ýetmekde bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar. Erkin pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bank ulgamy çalt depginlerde ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Oňa döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de netijeliligi we hili gowulandyrylýar. Milli manadyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli kämilleşýär, täze pul dolanyşygynyň esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli kämilleşdirilýär.
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Hasaplaşyklary, pul aýlanyşygyny çaltlandyrmak, dürli görnüşli tölegleri ygtybarly we çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen, elektron töleg ulgamynyň gerimi giňeldilýär.
Türkmenistanyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary hem-de «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Strategik taýdan möhüm bolan iri maýa goýum taslamalaryny uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmekde ýurdumyzyň ygtybarly banklarynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalary hem-de ylalaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetendigi hem ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, býujet-salgyt, nyrh emele getiriş we maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Kabul edilýän milli we döwlet maksatnamalarymyzyň işjeň durmuşa geçirilmegi halkara giňişlikde-de öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň durnukly ösüşine halkara guramalar tarapyndan oňyn baha berilýär. Muňa «Fitch Ratings» reýting agentligi we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan ýurdumyza kesgitlenen derejeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini berkitmek boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi. Geljekde-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň ykdysady görkezijileri boýunça dünýäniň ösýän döwletleriniň sanawynda mynasyp orun almagy üçin ähli tagallalary ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar.
Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.