Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
Syýasy habarlar
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
Çap edildi 07.11.2025
65

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi. Ýokary derejede guralan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, maýa goýum ýaly strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny görkezdi.

Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Myhmanlar Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri, milli taryhy-medeni gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary bilen tanyşdylar. Şeýle-de bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Konsert sebitiň halklaryny baglanyşdyrýan çuňňur medeni gatnaşyklaryň aýdyň beýany bolup, tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Forumyň açylyş dabarasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň wekilleri Merkezi Aziýa bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow altytaraplaýyn işewürlik maslahatynyň giň wekilçilikli düzümde geçirilmeginiň meýillerden anyk hyzmatdaşlyga geçmegi alamatlandyrýandygyny aýdyp, formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle hyzmatdaşlyk bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur maliýe, guramaçylyk, tehniki we beýleki serişdeleri herekete getirmäge mümkinçilik berýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, emeli aň, “ýaşyl” standartlar, energetika, ulag ulgamlary ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda energetika, ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, olaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine ygrarlylyk hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýar. Hut şu çemeleşmeler esasynda Türkmenistan sebitde birnäçe iri energetika, logistika taslamalaryny amala aşyrýar. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara söwdany işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň netijeli şertnama-hukuk binýadynyň döredilmeginiň möhümdigi bellenildi.

“Üstünligiň taryhy: ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işewürlik mümkinçiliklerini ösdürmegiň usullary” ady bilen geçirilen plenar mejlisde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalarynyň wekilleri iri maýa goýum, täjirçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribelerini paýlaşyp, “C5+1” formatynyň artykmaçlyklarynyň netijeli ulanylmagynyň ägirt uly täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Iri infrastruktura başlangyçlaryny, şol sanda üstaşyr ulag infrastrukturasyny ösdürmek, maliýe hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmakda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň wajyp ornuna üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän durnukly we integrirlenen ykdysady ulgamy döretmegiň binýady bolup durýar. Foruma gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda alşylan öňdebaryjy tejribäniň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine, ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ykdysady gatnaşyklary, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

“ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky daşamalaryň ugurlaryny ösdürmek” atly ugurdaş mejlisde iri logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de degişli döwlet düzümleriniň wekilleri Merkezi Aziýany Demirgazyk Amerikanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýan netijeli, ykdysady taýdan bähbitli, durnukly ulag-kommunikasiýa ugurlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda formatyň çäklerindäki bilelikdäki işiň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda täze, has integrirlenen we bäsdeşlige ukyply logistika ulgamyny döretmek boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilmelidigi bellenildi.

“Emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak” atly ugurdaş mejlisde emeli aň tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň esasy ugurlaryna, şol sanda ony maliýe, oba hojalygy, energetika pudaklaryna, döwlet dolandyryşyna giňden ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Mejlise gatnaşyjylar sanly özgertmeler babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, emeli aňyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynyň Merkezi Aziýada ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

“Sanly ykdysadyýet arkaly özara baglanyşyk” atly mejlisde bilermenlerdir ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary sanly ulgamy sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmak hem-de inklýuziw ykdysady ösüşe ýardam bermek üçin netijeli gural hökmünde ulanmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler “C5+1” formatynda sanly ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak bilen birlikde, sebitleriň arasynda tehnologik köprini gurmaga hem mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

“Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna nädip maýa goýum goýmaly?” atly mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçilerini ABŞ-nyň bazaryna çykmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrmak üçin esasy meýdança boldy. Mejlise gatnaşyjylar ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we maýadarlary goldamak boýunça döwlet maksatnamalaryny ulanmak baradaky maglumatlary aldylar. Munuň özi “C5+1” formatynyň özara maýa goýmak, sebitleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça strategik maksadyny tassyklady.

“Merkezi Aziýa nädip maýa goýum goýmaly?” atly ugurdaş mejlisde ABŞ-nyň maýadarlaryna we maliýe institutlaryna sebitiň çalt depginlerde ösýän bazarlarynda döredilen amatly şertlerdir mümkinçilikler barada hemmetaraplaýyn maglumatlar berildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri öz ýurtlarynda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga, amallary ýeňilleşdirmäge, maýadarlaryň hukuklaryny kepillendirmäge gönükdirilen özgertmeler we döwlet maksatnamalary hakynda gürrüň berdiler.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “C5+1” formatynyň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysady dialogy çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýetini bellediler.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
07.11
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07.11
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
06.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
06.11
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
top-arrow