Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygy
Çap edildi 15.11.2025
1788

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy.

ÝUNISEF-niň wekili gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşmagyň we çagalaryň saglygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işi üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we durmuş goldawyny bermek boýunça alyp barýan işi Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Oguljahan Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, ÝUNISEF-niň haýyr-sahawat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu düzüm Türkmenistan bilen birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda inklýuziw bilim konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, hususan-da, bejergi işlerine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, çagalaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen maksatnamalary işläp taýýarlamak, howandarlyga mätäç çagalar bilen işleýän lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Hanym Jalpa Ratna ÝUNISEF-niň hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikdäki tagallalarynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýdyp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň bu ugurda toplan halkara tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda 22-nji noýabrda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çärä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna çagalaryň saglygyny goramak we abadan durmuşyny üpjün etmek ýaly asylly işiň bähbidine hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow