Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 17.11.2025
33

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna barylýan taryhy günlerde Size Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň Garaşsyz döwletimizi has-da gülledip ösdürmek, dostlukly döwletler bilen halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak we täze derejelere çykarmak ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyzyň netijesinde ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky täsirli ornuny barha berkidýär. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolan Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda sebit we dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny günsaýyn giňeldýär.

Siziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyňyz hem sebitde hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge, Merkezi Aziýa sebitinde işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge itergi berer.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz esasynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça alyp barýan işleri iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Döwletara gatnaşyklarda Türkmenistanyň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyran döwlet saparyňyzyň çäklerinde Size bu ýurduň abraýly döwlet sylagynyň gowşurylmagy Siziň halkara giňişlikde, hususan-da, Özbegistan bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny we medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda öňe süren umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň we alyp barýan tutumly işleriňiziň ykrar edilýändigini görkezýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siz dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerini dabaralandyrmaga uly ähmiýet berýärsiňiz. Siziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasatyňyz türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşleri aýdyň duýulýar. Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Siziň tagallalaryňyz netijesinde iki dostlukly döwletiň arasyndaky täze derejelere çykýan hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we döredijilikli daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, bu ýokary sylag Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
top-arrow