Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 26.11.2025
1528

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň adyňyzdan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň maňa ýetiren gutlaglary üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Rus-türkmen gatnaşyklarynyň we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine meniň goşýan goşandyma ýokary baha berýändigiňiz üçin örän hoşaldyryn.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy berk ugur edinýändigiňiz baradaky garaýşyňyzy goldaýaryn. Soňky ýyllarda aýratyn ähmiýete eýe bolýan parlamentara hyzmatdaşlygyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy dialogyň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hakyndaky pikiriňiz bilen doly ylalaşýaryn. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň noýabrynda Russiýa amala aşyran sapary bu babatda uly ähmiýete eýe bolandyr diýip umyt edýärin. Siziň parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän hemişelik we üýtgewsiz ünsüňizi hem-de goldawyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.

Öz tarapymdan, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde türkmen dostlarymyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy nygtamak isleýärin. Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, biz köp babatda Siziň şahsy tagallalaryňyz netijesinde emele gelen uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy maksat edinýäris.

Türkmenistanyň halkara giňişlikde gazanýan uly üstünliklerine ýokary baha berýäris, yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini tassyklaýarys. Pursatdan peýdalanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumy ýokary derejede guramakda üstünlikleri arzuw edýärin. Onuň dünýä gurluşynyň esas goýujy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny durmuşa geçirmekde ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine berk ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, ýola goýlan ikitaraplaýyn hoşniýetli gatnaşyklara tüýs ýürekden guwanýaryn. Siziň hemişe üýtgewsiz goldaw bermegiňizde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döredijilikli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
14.02
N.M.Atagaraýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
14.02
D.G.Meredow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow