Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Çap edildi 06.12.2025
49

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm syýasy wakalaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda wajyp ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilendigini bellemek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi biziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Bu ugurda köp sanly iri çäreler geçirildi, möhüm resminamalar kabul edildi.

Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçirildi. Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyran bu maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde bolsa «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.

Ýakyn günlerde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterer, dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly hormat bilen garalýandygyny görkezer.

Bu wakalaryň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizi has-da dabaralandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara guramalar bilen ýola goýlan işleri mundan beýläk-de ösdürmegi netijeli dowam etdirmeli.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hormatly adamlar!

Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar hem-de ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljek, 2026-njy ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary öňe sürmekden we durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek babatda degişli işleri alyp barýar. Şeýle hem «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtamak isleýärin.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy örän giň gerimlidir we köp sanly ugurlary öz içine alýar. Geljek ýylda-da Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam etdirer. Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary dowam etdirer.

Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk alnyp barlar. Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer. Häzirki döwürde bu sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşler gazanylýar. Bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek gerek.

Biz Aziýadan Ýewropa üstaşyr ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmeli. Ýewropa ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler. Şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli. Biz Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika yklymynyň döwletleri bilen hem gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris. Şunda Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy bellemek isleýärin.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljek ýylda hem köp sanly halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň baş baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny giňden belläp geçeris.

Geljek ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler. Şeýle-de 2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi guralar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkara giňişlikde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda siziň uly işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn.

(Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 6-njy dekabry)

Soňky habarlar
07.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
07.12
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi
07.12
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
top-arrow