Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Milli Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de BMG-niň Baş sekretaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen we parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu waka mynasybetli geçiriljek forumyň halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirildi.
Hanym Tatýana Walowaýa Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyny belläp, BMG-niň wekili hökmünde bu halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda başlangyçly orny eýeleýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanyň BMG-niň işine, onuň sebitde syýasy-diplomatik dialogy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.