Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşygy
Çap edildi 11.12.2025
741

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge şatdygyny aýdyp, paýtagtymyzda geçiriljek halkara forumyň häzirki döwrüň meseleleriniň çözgütlerini we usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen bilelikdäki strategik kararlary kabul etmäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürildi. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede, BMG ýaly abraýly halkara guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Şeýle hem köpugurly gatnaşyklaryň çäginde parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Kim Çžin Pýonuň Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy bolup işlän döwründe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşandygyny aýdyp, türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda edýän ähli işleri üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo şu günki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary türkmen we koreý halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
28.05
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen
28.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.05
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.05
Türk­men hal­ky­nyň baý ru­hy dün­ýä­si­niň, kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy
27.05
Ru­hy tä­miz­li­giň we kämilligiň baý­ra­my
27.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
27.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.05
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
26.05
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisindäki ÇYKYŞY
top-arrow