Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
584

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gyrgyzystanyň bu forumyň işine ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýär.

Dostlukly ýurduň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, halkara forumyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iki şanly senä — Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenýändigini belledi hem-de şanly sene mynasybetli guraljak forumda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Gyrgyz Respublikasyny dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Taryhyň, medeniýetiň umumylygy, milli däp-dessurlara ygrarlylyk we bilelikdäki ösüşe ymtylmak onuň berk binýadyny emele getirýär. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmagyň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň netijeli ösüş häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler we ony mundan beýläk-de artdyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow