Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 13.12.2025
1199

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Siziň baştutanlygyňyzda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat Türkmenistana dünýä giňişliginde uly abraý getirdi hem-de Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde howpsuzlygy we durnukylygy üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.

Biz Türkmenistan bilen çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen bu gatnaşyklary dostlukly halklarymyzyň bähbidine pugtalandyrjakdygymyza berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmegine 30 ýyl dolýar. Bu şanly senä bagyşlanan Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hytaý hem-de Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk hem-de garaýyşlarynyň gabat gelmegi bilen baglanyşýan ýakyn dost we hyzmatdaşdyr. Biz Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny berk goldaýarys, halkara we sebit durnuklylygyny üpjün etmäge, dünýäniň dürli ýurtlarynyň bilelikdäki ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen işjeň tagallalaryna ýokary baha berýäris.

Ählumumy wehimleriň barha artýan döwründe parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti barha artýar. Adamzat taryhy halkara ýagdaýyň çylşyrymlaşdygyça raýdaşlyk we özara goldaw bildirmegiň şonça-da wajypdygyny görkezýär.

Parahatçylygyň ýetmezçiligini özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek bilen dolmaly. Özygtyýarly deňhukuklylyk halkara parahatçylygyň özenidir. Ähli ýurtlar birek-birege hormat goýmalydyrlar we özboluşly aýratynlyklaryny saklamak bilen sazlaşykly ýaşamalydyrlar. BMG-niň abraýly we ornuny yzygiderli gorap, gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly serişdeler bilen çözmeli hem-de başgalaryň hasabyna bähbit aramagyň garşysyna çykmaly.

Ynanyşmak ýetmezçiligini bilelikde geňeşmek, bilelikde gurmak we bilelikde peýdalanmak ýörelgeleri esasynda ýeňip geçmeli. Ynanyşmak halkara gatnaşyklaryň iň möhüm şertidir. Halkara hukugynyň howandarlygynda adalatlylygy üpjün etmek, raýdaşlygy pugtalandyrmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Ählumumy gün tertibi hemmeler bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmalydyr, halkara düzgün-tertip bilelikde goralmalydyr, dolandyryşyň netijeleri bolsa dünýäniň ähli ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine halkara ynanyşmagy dikeltmegiň hatyrasyna hemmelere elýeterli bolmalydyr.

Ýakynda men Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdim. Dünýä dolandyryş ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek üçin hytaý nusgasy bilen tanyşdyrdym. Hytaý adamzadyň Bitewi ykbal bileleşigini döretmegiň bähbidine bilelikdäki ösüşi gazanmak üçin ähli ýurtlar bilen parahatçylygy üpjün etmek işinde birleşmäge gyzyklanma bildirýär.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

Soňky habarlar
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
M.K.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Ö.A.GOŞJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.AMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow