Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Çap edildi 16.12.2025
2552

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu hyzmatdaşlygyň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow