Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirip, Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy we möhüm wakalara beslendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu saparlar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň, strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň umumy taryhy mirasa, halklarymyz tarapyndan häzirki döwürde aýawly saklanýan we baýlaşdyrylýan gymmatlyklara, däp-dessurlara ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli «Hatyra otlusy» başlangyjynyň Türkmenistanda goldanandygyny, oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşandygyny aýtdy hem-de bu möhüm çäräniň guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda Russiýanyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän ünsüne, döwletimiziň bitarap daşary syýasy ugruna, ählumumy durnuklylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmekdäki tagallalaryna berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini aýtdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran sapary munuň aýdyň beýany boldy. Munuň özi ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara gün tertibiniň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň esasynda halkara howpsuzlygyň arhitekturasyny pugtalandyrmaga bilelikde goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilendigini belledi. Şunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi. Ýurdumyzyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant boldy. Şunuň bilen bir hatarda, bu duşuşyk iki tarapyň hem bu gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklamak bilen, mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmak, parlament tejribesini alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara forumyň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň geljek ýylda-da Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ruhunda köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen tarapy bu sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz ozalky duşuşyklaryň netijelerinden görnüşi ýaly, şeýle formatlarda özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň hem-de baýlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de türkmen tarapynyň bu çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Milli Liderimiz döredijilikli, netijeli, özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ynanyşmagyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny emele getirýändigini aýratyn nygtady hem-de döwletara hyzmatdaşlygy ýokary derejä ýetirmekde Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň uly hyzmatynyň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenko türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşandy we tagallalary netijesinde Türkmenistanda uly abraýdan peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna hut öz adyndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri geljek ýylda Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygynda Federasiýa Geňeşiniň işiniň has-da netijeli boljakdygyna, Russiýanyň bähbidine we onuň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluga we özara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleriň geçiriljekdigine we olaryň netijeleriniň türkmen-rus gatnaşyklaryny täze derejelere çykarjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.
RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hoşniýetli sözler we iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.