Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 01.01.2026
41

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Geçen ýylda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Kir STARMER,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýetip gelen 2026-njy ýylda Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Sanae TAKAITI,
Ýaponiýanyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze — 2026-njy ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Täze — 2026-njy ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi täze — 2026-njy ýyl mynasybetli gutlaýaryn.

Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Täze ýylda köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine, täze başlangyçlara badalga bermek üçin amatly şertleriň dörediljekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Geçen ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine laýyk gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, 2026-njy ýyl ruhlandyryjy başlangyçlaryň hem-de uly ähmiýetli üstünlikleriň döwri bolsun, abadançylyk, durnuklylyk we parahatçylyk getirsin! Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, ruhubelentlik, egsilmez güýç-kuwwat, öňde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny arzuw edýärin.

Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Bu ýyly tamamlamak bilen, men hyzmatdaşlarymyzyň ynamyna ruhubelentlik we hoşallyk bilen garaýaryn. Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Masato KANDA,
Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýyl mynasybetli Size we ýakynlaryňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem abadançylyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Goý, 2026-njy ýyl Türkmenistana bagtyýarlyk we rowaçlyk, guramamyza agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze üstünlikleri getirsin!

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Asad Majid HAN,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze, 2026-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Ýetip gelen täze ýyl Size bagtyýarlyk, abadançylyk getirsin!

Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, maksatlaryňyzyň myrat tapmagyny arzuw edýärin.

Nurlan ÝERMEKBAÝEW,
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we ýetip gelen täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Size we Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iň arzyly islegleriň hasyl bolmagyny arzuw edýärin. Goý, 2026-njy ýyl möhüm wakalaryň we täze üstünlikleriň ýyly bolsun!

Türkmenistan Astrahan oblastynyň ýakyn dosty, goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşydyr. Soňky ýyllaryň dowamynda Siziň aýratyn ünsüňiz netijesinde köp sanly bilelikdäki durmuş-ykdysady taslamalar durmuşa geçirildi. 2026-njy ýylda hem hyzmatdaşlygymyzyň has-da netijeli boljakdygyna we mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn. Sizi ýetip gelen täze ýyl mynasybetli ýene-de bir gezek gutlaýaryn.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Ýetip gelen täze ýyl mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy we Türkmenistanyň doganlyk halkyna abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň! Geçen döwrüň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň binýadynda kemala gelen raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk medeniýeti türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy. Taryhy köklerimiziň we gymmatlyklarymyzyň umumylygyndan ugur alyp, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça tagallalarymyzyň täze ýylda hem dowam etdiriljekdigine, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has ýokary derejelere çykarmak üçin täze mümkinçilikleriň dörejekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, asylly döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Binali ÝYLDYRYM,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2026-njy ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň! Goý, ýetip gelen täze ýyl Siziň beýik başlangyçlaryňyz bilen doganlyk Türkmenistana abadançylyk, rowaçlyk, ähli ugurlarda uly üstünlikleri getirsin!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür we doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramçylyk ynsanlary birleşdirýär, olara şatlyk we umyt eçilýär, ýagşy işlere ruhlandyrýar. Geçen ýyly ýatlap, diňe özara goldaw esasynda ähli päsgelçilikleri ýeňip geçip, ýagty geljegi gurup bolýandygyna göz ýetirýäris.

Rus Prawoslaw ybadathanasynyň döwlet we jemgyýetçilik institutlary bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, adamlaryň durmuşynda ahlak gymmatlyklarynyň has berk ornaşmagyna mundan beýläk-de ýardam berjekdigine umyt edýärin.

Size berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde Beýik Biribaryň hemaýat bermegini arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

KIRILL,
Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident! Siziň Alyhezretiňiz!

Ýetip gelen täze — 2026-njy ýyl bilen gutlaýaryn. Täze ýylda Size Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikleri hem-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, täze ýyl bitarap ýurtlarymyz bolan Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn netijeli ykdysady, medeni hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi hem-de pugtalandyrylmagy ugrunda parasatly çözgütleriň durmuşa geçirilýän ýyly bolsun!

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistana bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Neda BERGER,
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow