Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 02.01.2026
35

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Goý, Täze ýyl hemmelere gülläp ösüş, bagtyýarlyk we abadançylyk getirsin, şeýle hem ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bersin!

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Ýunus Al -Manfi,

Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size we doganlyk türkmen halkyna Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Geçen ýyl Türkmenistanyň taryhy ösüş ýolunda gazanan uly üstünliklerine beslendi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň dialog arkaly parahatçylygy, ynanyşmagy we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyç halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly we diplomatik ýollar arkaly çözmäge ünsi jemlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Şeýle hem Sizi we türkmen halkyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamany kabul etmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu senäniň Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek isleýärin.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!

Li Sýan,

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi, täze, 2026-njy ýyl mynasybetli gutlaýaryn!

Çžao Leszi,

Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2026-njy ýyl mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bu iň şatlykly we arzyly baýramçylyklaryň biridir, ýagşy umytlaryň we arzuwlaryň pursatydyr.

Goý, Täze ýylda edilen ähli arzuwlar hasyl bolsun, Täze ýyl Size abadançylyk, şatlyk we üstünlik getirsin!

Size we ýakynlaryňyza iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin!

Mintimer Şaýmiýew,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Halklary birleşdirýän bu baýramçylyk umumy gymmatlyklary, taryhy baglanyşygy we ýagty geljege bolan ymtylmalary alamatlandyrýar. Goý, 2026-njy ýyl Türkmenistanyň ähli halkyna gülläp ösüş, abadançylyk we şatlyk getirsin!

Size we Siziň ýakynlaryňyza Täze ýylda tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin!

Dmitriý Kobiskiý,

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi we doganlyk türkmen halkyny ýetip gelen Täze – 2026-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Pursatdan peýdalanyp, Size, Siziň ýakynlaryňyza hem-de doganlyk türkmen halkyna Täze ýylda berk jan saglyk, gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Sultan Raýew,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Türki Döwletleriň Guramasy Türkmenistanyň türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli tagallalaryna ýokary baha berýär. Türki döwletleriň arasynda dialogy ilerletmekde we hyzmatdaşlygy giňeltmekde Siziň şahsy goşandyňyz örän uludyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenen geçen ýyl sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny ýene bir gezek tassyklady.

Täze ýylda hem Guramamyzyň çäklerindäki hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilip, bilelikdäki tagallalarymyz üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek Omuraliýew,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze, 2026-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Geljekde hem ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam berjek bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine berk ynanýaryn.

Goý, Täze ýyl täze gözýetimleri açyp, ýakymly, möhüm we şatlykly wakalara baý bolsun!

Size, Siziň ýakynlaryňyza we türkmen halkyna berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Aleksandr Beglow,

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

Soňky habarlar
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow