Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2026-njy ýylyň şygarynyň filosofiýasy we strategiýasy
Teswirlemeler
2026-njy ýylyň şygarynyň filosofiýasy we strategiýasy
Çap edildi 06.01.2026
262

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gadam basylýandygyny alamatlandyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä, onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär. 2026-njy ýylyň şygarynda diňe bir halkymyzyň öz taryhy köklerine ygrarlylygy däl-de, eýsem, häzirki döwrüň obýektiw hakykaty hem öz beýanyny tapýar. Ýylyň ady 2025-nji ýylda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde kesgitlenen ýokary depginli ösüşleri gönüden-göni şöhlelendirýär. Gündogar müçenamasynda ýylky ýylynyň güýç-kuwwaty, asyllylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýandygyny bellemek gerek. Gadymy döwürlerden bäri ajaýyp halylar, nepis şaý-sepler bilen bir hatarda, ahalteke bedewleri hem halkymyzyň baýlygy hasaplanýar. Bedewler türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, maddy medeni mirasyň halkymyz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen we kämilleşdirilen ajaýyp nusgasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ata-babalarymyzyň atşynaslyk däpleri gaýtadan dikeldilýär, türkmen atşynaslyk sungaty täze sepgitlere ýetýär. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen bütin dünýäde tanalýan behişdi bedewleriň meşhurlygy barha artýar. Ajaýyp türkmen atlaryna bolan ägirt uly gyzyklanmany göz öňünde tutup, daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Türkmen atçylyk sungatynyň dünýä giňişligine işjeň goşulyşmagy ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işinde aýdyň beýanyny tapýar. Geçen ýylda bu düzüm Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy atçylyk merkezleri bilen bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirip, hyzmatdaşlygynyň çägini ep-esli giňeltdi. Bu netijeli dialog diňe bir tohumçylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň bedewleriň genofonduny gorap saklaýan, ykrar edilen halkara derejeli intellektual we medeni merkez hökmündäki abraýyny hem pugtalandyrýar.

Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şöhratynyň dikeldilmeginde we atşynaslygyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn goşandy bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda atçylyk sungaty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. 2025-nji ýylyň ýanwarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, Watanymyzyň ösüşleriniň nyşanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» ýaly parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatynyň güwäsidir. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Şondan bäri bu topar uly üstünlikleri gazanyp, özboluşly çykyşlary bilen dünýäde uly abraýa eýe boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen jigitleri abraýly halkara meýdançalarda ykrarnama, Italiýada, Hytaýda, Russiýada we beýleki ýurtlarda geçirilen sirk sungaty festiwallarynda birnäçe gezek Baş baýraga hem-de ýokary baýraklara mynasyp boldular. 2025-nji ýyl toparyň şöhratly taryhyna täze tapgyr bolup ýazyldy. Topar Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga mynasyp boldy. Bu bolsa türkmen çapyksuwarlyk mekdebiniň bütin dünýä üçin nusgalykdygyny tassyklady. Bu üstünlik sport ýeňşi, şeýle hem milli ruhuň dabaralanmasy bolup, türkmen ýigidi bilen onuň wepaly ahalteke atynyň arasyndaky ajaýyp baglanyşygy halkara jemgyýetçilige aýdyňlygy bilen görkezdi. 2025-nji ýylda Watanymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary we ýokary hünär ussatlygy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Häzirki wagtda «Galkynyşyň» işi ajaýyp tomaşalaryň çäginden çykyp, giň gerimli bilim berijilik wezipesine eýe bolýar. Artistler öz göreldesi bilen ýaşlary ruhlandyryp, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga goşant goşýarlar. Şeýle-de olar seýisçiligiň, at üstünde dürli tilsimleri ýerine ýetirmegiň syrlaryny täze nesillere geçirýärler. Olaryň tutanýerlilige, behişdi bedewlere doly ynanmaga esaslanýan ajaýyp sungaty 2026-njy ýylyň şygarynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiziň bütin dünýäniň alymlarynyň we atlaryň muşdaklarynyň ýankitabyna öwrülen düýpli işleri hem ahalteke bedewleriniň meşhurlygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz öz kitaplarynda diňe bir tohumyň özboluşly taryhyny we genetiki mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halky bilen onuň wepaly ýoldaşynyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygyň filosofiýasyny hem beýan edýär. Bu kitaplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ylmy we ideologik binýady emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, köpugurly döredijiligi netijesinde häzirki wagtda ahalteke atlarynyň dünýä derejesindäki abraýynyň barha artýandygynyň şaýady bolýarys. Olaryň ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilmegi we Arkadag şäherinde öňdebaryjy Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda bu guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen bu çözgüt ahalteke atlarynyň bütindünýä mirasy hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi.

Asyrlaryň dowamynda ahalteke atlaryna goýulýan belent hormat häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Behişdi bedewler ýurdumyzda milli özboluşlylygyň nyşany bolup hyzmat edýär. Bu ugurda milli infrastrukturanyň ösdürilmegi, ähli welaýatlarda iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan atçylyk merkezleriniň, awtomatlaşdyrylan howa gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edilen athanalaryň, ýokary tehnologiýaly weterinariýa hassahanalarynyň, genetiki gözegçilik barlaghanalarynyň gurulmagy munuň anyk mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri Türkmenistanyň intellektual platformasyna öwrüldi. Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi onuň ylym-bilim klasteriniň esasy bölegi bolup, merkeziň alyp barýan toplumlaýyn işi ahalteke atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, öwrenmäge we olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga, halk seçgiçiliginiň köpasyrlyk tejribesini häzirki zaman ylmynyň iň täze gazananlary bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Ylmy-önümçilik merkezi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda hereket edýär. Ylmyň we bilimiň şeýle utgaşdyrylmagy talyplara, ýaş alymlara hakyky ylmy-barlag işlerine gatnaşmaga mümkinçilik döredýär hem-de iň öňdebaryjy biotehnologiýalar bilen işlemäge ukyply hünärmenleriň täze nesliniň taýýarlanylmagyny üpjün edýär. 2023-nji ýylda agzalan bilim ojagynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini bellemek gerek. Bu çözgüt Arkadag şäheriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň halkara merkezi hökmündäki derejesini görkezýär. Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bolsa ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäginde halkara ylmy-amaly maslahatlary, seýisler we weterinar lukmanlar üçin okuwlary guramak hem-de tejribe alyşmak arkaly halkara assosiasiýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bellenilen ýyl hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysynda hemişelik orun alan 2025-nji ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin möhüm wakalara, zähmet ýeňişlerine hem-de uly üstünliklere beslendi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýubileýiniň dabaralandyrylýan ýylynda-da milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki pudaklary ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalar kesgitlenildi. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle-de ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek, milli däp-dessurlarymyzy dünýä derejesinde giňden wagyz etmek, olary geljek nesle geçirmek ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar.

Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny özünde jemleýär. Ol milli ýörelgelere ygrarlylygy, şol bir wagtyň özünde ählumumy ösüşe we tehnologik täzeliklere açyklygy alamatlandyrýar.

Soňky habarlar
07.01
2025-nji ýy­lyň de­kab­ry: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp
07.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.01
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di
07.01
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Karary
06.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
06.01
2026-njy ýylyň şygarynyň filosofiýasy we strategiýasy
06.01
Paýtagtymyzda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
06.01
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
05.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
05.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow