Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 09.01.2026
148

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, migrasiýa babatdaky meseleleri kämilleşdirmek, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşandyklary, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy möhüm wezipeleriň hatarynda belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, meýilnamalarda Türkmenistanda makroykdysady durnuklylygy, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, amatly maýa goýum, işewürlik gurşawyny döretmek, sanly ulgamy we döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny seljermek, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady, býujet-salgyt, pul-karz syýasatlary esasynda işleriň amala aşyrylmagyny guramak, zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş üpjünçiligini, durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, daşary ykdysady işi kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ykdysadyýeti pul serişdeleri bilen kadaly üpjün etmek we zerurlyga laýyklykda karz bermek, ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we ykdysadyýet, maliýe, bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini çuňňur özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we tebigy gaza baý bolan gurluşlary, gaty magdanlary, ýerasty suwlary gözlemek we ýüze çykarmak, sanly ulgamy ösdürmek, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutuldy. Şeýle hem “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmek işlerine girişmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek meýilnamada iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, meýilnamanyň taslamasynda oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, hususan-da, oba hojalygyny, weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, senagat kärhanalaryny olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen üpjün etmek, galla senagatyny ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak we oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek, azyk senagatyny ösdürmek, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylyk we guşçulyk önümlerini öndürmek, ilaty bu önümler bilen üpjün etmek, atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, önümçilikleriň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi hem-de oba hojalyk pudagy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan taýýarlanylan 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalarda we desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek, gurluşyklary, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, täze, döwrebap ugurdaş kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa we gurluşyk senagaty pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmegiň, gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmagyň, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, täze awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek işlerini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda içerki bazarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny, bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek, söwda ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini, möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasy bolan milli halyçylyk sungatyny ösdürmek hem-de geljek nesillere ýetirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynda elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, Söwda-senagat edarasynyň sergileri we maslahatlary guramak boýunça işini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmak bilen, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, milli harytlarymyzyň dünýä bazarlaryndaky ornuny giňeltmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly we netijeli peýdalanmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz söwda toplumy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy, şol sanda syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, maddy we maddy däl medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleriň sahnalaşdyrylmagyny, halkymyza ýokary derejeli medeni hyzmatlaryň guralmagyny gazanmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Meýilnamalarda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar, ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns bermegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek we sporty ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” hem-de hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Oňa laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki çäreleri amala aşyrmak arkaly Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen gatnaşyklaryny berkitmek üçin zerur işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurdaky çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, şol sanda onuň 80-nji sessiýasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçirmek we utgaşdyrmak wezipesi öňde goýulýar.

Şeýle hem meýilnamada ýurdumyzyň halkara maliýe-ykdysady düzümler bilen alyp barýan işlerini pugtalandyrmak, gatnaşyklary ilerletmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär. Onda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik ýaly ykdysady guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler hem bar. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde amala aşyryljak çäreler barada nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän toplumynyň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda ýurdumyzda ulanmaga berlen ulag infrastrukturasyny sebitiň üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak, toplumyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmek, maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem 2026-njy ýylda döwrebap demir ýol menzillerini, deňiz gämilerini, önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalary gurmak, teplowozlardyr wagonlary abatlamak ýaly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara ulag geçelgeleriniň işini ösdürmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek we olaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, aragatnaşyk ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
08.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.01
Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy
07.01
2025-nji ýy­lyň de­kab­ry: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp
07.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.01
Welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy
07.01
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Karary
06.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow