Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Çap edildi 10.01.2026
133

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň möhüm binalary bolan lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň «Toyo Engineering», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries», «Sumitomo», «Komatsu» «ITOCHU Corporation», şeýle hem Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd», «Hyundai Engineering Co. Ltd» ýaly, dünýäde meşhurlyk gazanan iri kompaniýalary ýurdumyzda birnäçe gurluşyklary amala aşyrdylar we iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar.

Häzirki döwürde bolsa, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy öz içine alýan bu çärä ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries LTD», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co. LTD», «Korea Meditech Co.LTD», dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna we önümçilik kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan «Garagum» hojalyk jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň hiline we ekologiýa derejesine alnan laýyklyk Güwänamalaryň görnüşleri hem-de himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna degişli Güwänamalar görkezildi.

Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň ISO standartlaryna alan laýyklyk Güwänamalaryna möhüm orun berlipdir.

Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda oturdyljak enjamlaryň yzygiderli getirilmegi ugrunda zerur tagalla edýändikleri barada aýdyldy. Şunda enjamlaryň hil derejesine, olaryň öndürijilik ukybyna degişli gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlaryň hiliniň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýändigini nygtadylar we olaryň önümçiliginiň sazlaşykly ýola goýuljakdygyna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
08.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.01
Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy
07.01
2025-nji ýy­lyň de­kab­ry: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp
07.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.01
Welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy
07.01
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Karary
top-arrow