Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribeleri özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa obalaryň we şäherleriň binagärlik babatda häzirki zaman görkezijilerine laýyk derejedäki ösüşini şertlendirýär.
Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.
Gahryman Arkadagymyz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi. Ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr.
Milli Liderimiz köpriniň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu ýerlerde gök zolaklaryň döredilmegine häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Köpriniň üstünden Arkadag şäheriniň nurana binalarynyň seleňläp görünýändigini nazara alanyňda, şäher bilen ýoluň özara arabaglanyşygynda bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň merkezine tarap ýola düşdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Nobatdaky tapgyrda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra ol häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär. D.Orazow medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem batly depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilýändigi, ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere kybap gelmelidigine ünsi çekip, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamyň amatlylygy, ykjamlygy, elýeterliligi dogrusynda durup geçdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisi şeýle mümkinçilikleri öz içine almalydyr.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýlekiler babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi. Munuň özi döwrebap jaýlarda halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän mümkinçilikleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. “Şol bir wagtyň özünde bilim edaralarynyň, mekdepleriň otaglary her bir derse mynasyp derejede enjamlaşdyrylmalydyr. Bu bolsa bilim alýan ýaşlaryň saýlap aljak hünärine söýgüsini berkitmekde, nesilleriň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda wajypdyr” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, olary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen bir hatarda, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek boýunça işler hem guramaçylykly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde amatly ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ägirt uly işleriň bitirilmelidigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady we meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we olar öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.