Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 17.02.2026
1130

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Allatagalanyň rehimdarlygyny alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza aýy dünýäniň ähli musulmanlary üçin haýyr-sogaply işler arkaly özlerini kämilleşdirmäge, jebisligi we raýdaşlygy pugtalandyrmaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Bu mübärek aýda bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize we dünýäniň ähli musulmanlaryna bereket dileýärin.

Masud Pezeşkian,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal hem-de bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu mukaddes aýda Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk hem-de gülläp ösüş dileýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Rehimdarlygyň aýy bolan bu mübärek aýda Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize we ähli musulman ymmatyna bagtyýarlyk hem-de bereket dileýärin.

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal hem-de bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal hem-de bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Musulman ymmatynyň mukaddes Oraza aýyny garşylaýan şu günlerinde Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we bagtyýarlyk, üstünlik baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Bu mübärek aýda Beýik Allatagaladan tutan orazalaryňyzy, doga-dilegleriňizi kabul etmegini, Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna, şeýle hem ähli musulman ymmatyna bereket, rowaçlyk eçilmegini dileýärin.

Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy.

Soňky habarlar
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
12.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
12.07
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
10.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
10.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň gallaçylarynyň zähmet üstünligi bilen gutlady
10.07
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
10.07
G.G.GARLYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow