Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 17.02.2026
33

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň halkara ähmiýetli wakalara baý günlerinde Size Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň sagdyn durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň adamzat ähmiýetli, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer we köpugurly döwlet syýasatyňyz, raýatlarymyzyň saglygy, sagdyn durmuşy ugrundaky bimöçber aladalaryňyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna hemmetaraplaýyn hemaýat etmek babatdaky oňyn tagallalaryňyz bilen utgaşyp, häzirki döwürde Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Munuň özi halkymyzyň döwletliliginden, agzybirliginden we bagtyýarlygyndan, aýratyn-da, umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň, ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýän, galkynyşa beslenen döwrümizde adam, onuň saglygy we abadan durmuşy barada edilýän aladanyň, ynsan gymmatlygyna goýulýan hormat-sarpanyň ýokarydygyndan nyşandyr. Siziň belleýşiňiz ýaly, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Eziz Watanymyzda bedew batly ösüşleriň giňden dabaralanýan günlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýokary sylagy bilen sylaglanylmagyňyz Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere, Bitarap Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekdäki halkara başlangyçlaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Diýarymyzda lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürlüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri açylyp ulanmaga berildi, köpugurly hassahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurulýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ençeme bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglygy goraýşyny üpjün etmek ugrunda drakunkulýozyň, poliomielitiň, gyzzyrmanyň, gyzamyk we gyzylja ýaly ýokanç keselleriň doly soňuna çykylandygy, duzuň ýodlaşdyrylandygy, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy barada ýurdumyza halkara güwänamalardyr şahadatnamalar gowşuryldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy eneligi we çagalygy goramak meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny goldaýar, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýalary, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda goldaw berýär. Şeýle-de bu gurama we Türkmenistan 2035-nji ýyla çenli inçekeseliň dünýäde ýaýramagyny ýok etmek maksady bilen, inçekesele garşy göreşmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Size Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
top-arrow