Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
Çap edildi 07.03.2026
191

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Ikinji tapgyrda meýilleşdirilen desgalar häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda gurulýar. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň degişli derejede amala aşyrylmagyny, Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär.

Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygy, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, iş otaglarynyň üpjünçiligine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde şäheriň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Bu işlerde milli tejribä daýanylmalydyr. Şunda binalaryň sütünleriniň, beýleki serişdeleriniň sazlaşygyna zerur üns berilmelidir. “Aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň içki bezeg işleri, onuň otaglarynyň, diwarlarynyň reňki häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi gurulýan dürli maksatly binalaryň, şol sanda önümçilik toplumlarynyň özüne mahsus aýratynlyklarynyň bolmagyny üpjün eder” diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň taryhyň dowamynda bina galdyrmagyň nusgalyk mekdebini döredendigini belläp, häzirki döwürde binagärligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň usullarynyň döwrebap derejede ulanylmalydygyny, olaryň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň depginleri, beýleki binalaryň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde mukaddes Oraza aýynyň dowam edýändigini, bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da sogap işleriň berjaý edilýändigini belläp, Oraza aýynda agzaçar sadakalarynyň berilmeginiň asylly däbe öwrülendigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz 15-nji martdan 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi diýlip kesgitlenendigini belläp, hormatly ýaşulularyň, dili senaly enelerimiziň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüler.

“Täze şäherde ähli gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolsa häzirki döwrüň wajyp talabydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň kesgitlenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygy, şäheriň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesiniň degişli ýagdaýda saklanýandygy barada maglumat berdi. Şeýle-de häkim Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň, giň möçberli dabaralaryň maksatnamasy barada habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Şeýle-de binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu işleriň hemmesi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu baradaky gürrüňi bowam edip, Gahryman Arkadagymyz gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, guraljak çäreleriň ýaş nesillerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan ajaýyp pursatlara beslenmelidigini aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň seýilgähiniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi.

“Akylly” şäheriň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna hem üns bermelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşendigini nazara alyp, seýilgähde oturdylan düýe kerweniniň özboluşly aýratynlygyna ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz parahat durmuşyň nyşany bolan boýny jaňly ineriň yzyna tirkelen düýeleriň keşbinde milli gymmatlyklaryň, söwda kerwenlerine degişli serişdeleriň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde seýilgähiň suw çüwdürimleriniň, dürli şekilleriň, bagy-bossanlygyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde oturdylan bedewleriň şekillerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. “Her bir bedewiň şekiliniň reňk aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidir. Aýratyn-da, olara degişli ýazgylaryň häzirki zaman ýörelgelerine kybap gelmegi wajyp talapdyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň nesil ugurlaryna, türkmenleriň ýyndam atlarynyň dünýäniň seýisçilik sungatynda eýeleýän ornuna bagyşlap birnäçe kitaplary döreden Milli Liderimiz bedewleriň taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeländigini belledi we seýilgähiň çäklerinde bedew bilen baglanyşykly esbaplaryň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy atyň şekilleri bilen baglanyşykly işlere Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň çekilmelidigini, bu ýerde amala aşyrylýan bezeg we abadanlaşdyryş işlerinde ýaşlaryň başlangyçlarynyň, teklipleriniň netijeli ulanylmalydygyny belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz şäheriň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe wajyp ornuň degişli boljakdygyny aýdyp, bu ýerde hemişe gök öwüsýän baglaryň, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berilmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde bu işlere öz wagtynda taýýarlyk görülmelidir.

Umuman, häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu işlere örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Köp çagaly enelere belent sarpa
07.03
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti
07.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
A.T.ATAÝEWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow