Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 20.03.2026
55

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Nowruz güni mynasybetli Hytaýyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size, Hökümetiňize we halkyňyza baýramçylyk gutlaglaryny iberýärin.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärin. Geçen ýylyň dowamynda Siziň bilen iki gezek duşuşdyk hem-de dürli ulgamlarda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösüşiň täze tapgyryna çykarmak babatda möhüm ylalaşyklary gazandyk. Men däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de umumy geljegi bolan hytaý-türkmen bileleşigini amaly derejede kemala getirmegi ilerletmek boýunça Siziň bilen bilelikde işleşmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident!
Gadyrly doganym!

Tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny öz adymdan we halkymyzyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Asyrlarboýy dowam edip gelýän gadymy Nowruz baýramy tutuş adamzada ýagşy umyt-arzuw, rysgal-bereket paýlaýar. Umumy medeni giňişlikde her ýyl bellenilýän bu baýram dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagy üçin ygtybarly ruhy binýatdyr. Nowruz häzirki döwürde halklaryň arasynda parahatçylyk, ylalaşyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermäge çagyrýan ajaýyp baýramdyr.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi we doganlyk türkmen halkyny Gündogar senenamasy boýunça täze ýyly, tebigatyň täzelenmegini hem-de bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň dostlukly halklarymyz asyrlaryň dowamynda bu röwşen baýramy uly şatlyk, aýratyn ruhubelentlik, baýramçylyk joşguny bilen giňden belleýärler. Biziň bahasyna ýetip bolmajak umumy gymmatlyklarymyzdan hem-de däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýan bu gadymy baýram häzirki wagtda hem halklarymyzyň arasynda özara ylalaşykly, hoşniýetli goňşuçylyk we hakyky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Biziň ýokary derejedäki gatnaşyklarymyzyň, gazanylan ylalaşyklaryň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna, öňümizde durýan belent maksatlara ýetmegiň ýolunda täze giňişlikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Bu şatlykly günlerde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nowruz baýramy mynasybetli Size we ähli halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Biziň halklarymyz bu bahar baýramyny aýratyn sarpa, uly umyt-arzuwlar bilen garşylaýar. Nowruz täzelenişi we döredijiligi alamatlandyrmak bilen, gülläp ösüşiň, rysgal-berekediň, belent ynsanperwer gymmatlyklaryň nyşany bolup durýar. Goý, bu röwşen baýram biziň dostlukly halklarymyza mähir paýlasyn, şatlyk we rowaçlyk getirsin!

Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň nurana geljeginiň bähbidine öňe sürýän ähli başlangyçlaryňyzyň üstünliklere beslenmegini, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw edýärin! Goý, Nowruz her bir maşgala ojagyna rysgal-bereket getirsin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny bahar paslynyň gelmegini hem-de tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň halklarymyz çuňňur milli medeni hem-de taryhy ähmiýeti bolan bu nurana baýramy uly şatlyk, ruhubelentlik, röwşen geljege täze umyt bilen belleýärler. Nowruzyň belent gymmatlyklary, asylly taglymlary müňýyllyklaryň dowamynda halklarymyzy parahatçylyga, özara ylalaşyga, düşünişmäge, birek-birege hormat goýmaga we ynanyşmaga çagyrýar.

Bu gadymy baýramyň iň gowy ýörelgeleri esasynda täjik-türkmen dostlukly gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde-de biziň halklarymyzyň bähbidine täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk, durnuklylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Nowruz biziň umumy medeni mirasymyzdyr. Ony dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellemek gadymdan gelýän asylly däbe öwrüldi. Ol ynsanlaryň pikir-garaýyşlarynyň täzelenmegine, özara gatnaşyklaryň kämilleşmegine, mähir-muhabbetiň ýaýramagyna ylham berýär. Bahar paslynyň we täze şemsi ýylynyň gelmegini alamatlandyrýan bu baýramda tutuş adamzat belent ynsanperwer taglymlara eýerip, dünýäniň ähli künjeklerinde parahatçylygyň, dost-doganlygyň hem-de asudalygyň berkarar bolmagyny dileg edýär.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Masud PEZEŞKIAN,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nowruz baýramy mynasybetli Sizi we doganlyk türkmen halkyny öz adymdan hem-de azerbaýjan halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigatyň çäksiz sahawatynyň, ynsana belent hormatyň nyşany bolan bu baýram müňýyllyklaryň synagyndan geçen durmuş pelsepesiniň doly beýanydyr.

Umumy taryhymyzy we medeniýetimizi birleşdirýän Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Bu baýram günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Nowruz baýramy mynasybetli Size we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze sepgitlere ýetiriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we ähli türkmen halkyny Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parasatly ata-babalarymyzyň gadymy medeniýetinden, asylly ýörelgelerinden gözbaş alýan Nowruz biziň halklarymyzyň umumy baýramy bolmak bilen, ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ýardam berýär.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, türkmen halkyna bolsa ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Hytaýyň Bahar baýramy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Türkmen halkynyň milli baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

Siziň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan birnäçe möhüm ylalaşyklaryň doly durmuşa geçirilmegi, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşiginiň” döredilmegine goşant goşmak ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Siziň bilen işjeň gatnaşyklary saklamaga taýýardygymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Li SÝAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Hytaýyň Bahar baýramy mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmen halkynyň milli baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

Soňky ýyllarda Başlyk Si Szinpiniň hem-de, hormatly Prezident, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda hytaý-türkmen gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyl Başlyk Si Szinpin Siziň bilen iki gezek duşuşyk geçirip, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşiginiň” döredilmeginde täze tapgyry açdy. Siziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda gazanylan birnäçe möhüm ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmak, ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak hem-de olary täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen yzygiderli gatnaşyklary saklamaga taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Çžao LESZI,
Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi nurana Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türki halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny we ýörelgelerini özünde jemleýän, Gündogar senenamasy boýunça täze ýyly alamatlandyrýan Nowruz baýramy sazlaşygyň, gözelligiň, tebigatyň hasyllylygynyň hem-de ynsan kalbynyň açyklygynyň nyşanydyr.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin. Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Mintimer ŞAÝMIÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident!
Gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Yslam dünýäsine we tutuş adamzada asudalyk, parahatçylyk getirmegine umyt baglanylýan bu mübärek baýram gününde Beýik Biribardan jebisligimizi hem-de agzybirligimizi pugtalandyrmaga medet bermegini dileýärin.

Halkymyzyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size we ähli halkyňyza Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Hoşniýetlilik, duýgudaşlyk, abadançylyk, belent gymmatlyklar bilen beslenen bu mukaddes baýram günlerinde yslam dünýäsinde parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalansyn! Beýik Biribar Oraza aýynda edilen doga-dilegleri kabul etsin hem-de hemmelere bu baýramy her ýylda jan saglygynda, abadan durmuşda garşylamaga mümkinçilik bersin!

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, ähli musulmanlaryň kalplarynyň rehim-şepagatdan dolan şu röwşen pursatlarynda Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa durnukly ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ähli musulmanlaryň arasyndaky dini we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň birligini hem-de mizemezdigini alamatlandyrýan bu mübärek aý ak ýürekden edilen doga-dilegleriň hasyl bolýan pursadydyr.

Tutuşlygyna rehim-şepagata, rysgal-döwlete beslenen bu baýramyň saýasynda musulman halklarynyň has-da jebisleşýändiginiň we ýurtlarymyzda parahatçylygyň, durnuklylygyň berkarar bolýandygynyň, ähli ugurlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňiziň we dünýäniň ähli musulmanlarynyň ybadatlarynyň kabul bolmagyny dileýärin.

Masud PEZEŞKIAN,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Şu sahawatly günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, dünýäniň ähli halklaryna parahatçylyk, asudalyk, durnuklylyk dileýärin.

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rysgal-bereket dileýärin.

Muhammad Ýunus AL-MANFI,
Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň halklarymyzyň arasyndaky raýdaşlygyň, jebisligiň, mizemez dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýän bu sahawatly baýramyň tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk we abadançylyk getirmegini Beýik Biribardan dileýärin.

Mübärek Oraza aýynda edilen doga-dilegler, berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Bu röwşen baýram ynamy pugtalandyrmak, ahlak taýdan kämilleşmegiň täze tejribesini toplamak arkaly şatlyk getirýär. Goý, Oraza baýramy Size hem-de Türkmenistanyň halkyna ruhy rahatlyk, özüne bolan ynam bersin, ýurduňyzyň bähbidine döretmek we tutanýerli zähmet çekmek üçin täze güýç-kuwwat, ruhubelentlik eçilsin!

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk, ýurduňyza bolsa gülläp ösüş dileýärin. Size tüýs ýürekden parahatçylyk we işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Mintimer ŞAÝMIÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi.

Soňky habarlar
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
21.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
20.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
20.03
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
20.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
19.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow