Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Çap edildi 21.03.2026
915

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi berkarar döwletimizde giňden bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dabarasy uludan tutulýan bu baýramda ýerine ýetiriljek joşgunly aýdym-sazlaryň, edebi-çeper çykyşlaryň, däp-dessur çäreleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, milli gymmatlyklaryň sergileriniň şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten medeni mirasymyzyň gazananlaryny giňden wagyz etmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Şu ýyl ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan berkedi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara bileleşikdäki at-abraýyny ýokary derejä çykardy.

Eziz watandaşlar!

Magtymguly Pyragy, Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Gaýyby, Baýram han ýaly söz ussatlarynyň eserlerinde-de Nowruz däpleri giňden beýan edilýär. Akyldar şahyrlarymyz öz eserlerinde Nowruzyň halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýandygyny, ynsan kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýändigini, Watana, tebigata, durmuşa söýgini artdyrýandygyny nygtapdyrlar. Hut şonuň üçin-de häzirki döwürde bu gadymy baýramyň däp-dessurlary umumadamzat gymmatlygyna, parahatçylygy we agzybirligi ündeýän ýörelgä öwrüldi.

Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Gündogar halklarynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýän Nowruz agzybirligiň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramydyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessur çärelerinde hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenendir.

Hormatly adamlar!

Merdana ata-babalarymyz ýylyň rysgal-berekedini Nowruzyň düşümli gadamy — ýagyş-ýagmyryň topraga bol ýagmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar. Alabaharda ýagýan nur-ýagyşlar sahawatly sähramyzy, gözel ýaýlalarymyzy, keremli daglarymyzy bahar paslynyň gaýtalanmajak gözelligine besleýär. Topragymyzyň berekedi artyp, al-elwan gül-gülälekler, bagy-bossanlyklar türkmen tebigatynyň görküne görk goşýar. Baharyň saba-säherinde göwünleri ganatlanan daýhanlar ekin meýdanlarynda täze hasylyň düýbüni tutmak, bereketli toprakdan bol hasyl almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Türkmeniň gadymy bagbançylyk, ekerançylyk däpleri dowam etdirilip, zähmetsöýer daýhanlarymyz Nowruz ýagmyryndan nurlanan topragy taba getirýärler.

Bu gün bedew batly Bitarap döwletimizde Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň folklor-tans çykyşlary, şahyrlarymyzyň okaýan goşgulary Nowruz nagmalary bolup, bagtyýar halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, parahat we bagtyýar durmuş arzuw edýärin. Goý, Nowruzyň kalby joşdurýan owazlary agzybirligiň, dost-doganlygyň waspy bolup, hemişe ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow