Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 21.03.2026
29

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu giň gerimli ekologiýa çäresi mähriban Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlary ilerletmäge hem-de jemgyýetimizde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge we durnukly tebigy gurşawy kemala getirmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzdaky tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, onuň tebigatynyň biologik köpdürlüliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ir bilen dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş edip ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de halkymyzyň milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dagyň sergin howasy dabara gatnaşyjylaryň göwnüni göterip, ruhubelentligini artdyrdy.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde ylmy çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde agaçlaryň birkemsiz ösmegini üpjün edýär. Şäherlerde we obalarda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşamak üçin amatly ekologik gurşawy döredýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň meýdanlarynyň çäkleriniň barha giňeldilmegi bu asylly işe möhüm ähmiýet berilýändiginiň mysalydyr.

Köpçülikleýin bag ekmek çäresi ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bir hatarda, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň bu asylly işe jebislikde gatnaşmagy watansöýüjiligiň hem-de ýurdumyzyň özboluşly tebigy gözelligine hormat goýmagyň, ata-babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanda şeýle ekologiýa başlangyçlarynyň yzygiderli geçirilmegi daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmäge we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna uly goşant bolup durýar.

Çäräniň dowamynda bag nahallarynyň ekilmegi bilen bir hatarda, ozaldan bar bolan tokaý zolaklaryna ideg işleri hem geçirildi. Dabara gatnaşyjylar öňki ýyllarda ekilen agaçlaryň düýbüni ýumşatmak we suwarmak işlerini ýerine ýetirdiler. Döredijilik toparlarynyň mähriban Watanymyzy we täze taryhy eýýamymyzda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini artdyrdy.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Umuman, ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

Şeýlelikde, şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
21.03
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
21.03
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
21.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
20.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
20.03
«Türkmengaz» döwlet konsernine Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
20.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
top-arrow