Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda bilelikdäki konsert Eýranyň Medeniýet hepdeligini tamamlady
Medeniýet
Aşgabatda bilelikdäki konsert Eýranyň Medeniýet hepdeligini tamamlady
Çap edildi 08.02.2017
2681

Paýtagtymyzdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we eýran sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän medeni çäre dostlukly halklaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Hepdeligiň maksatnamasyny Eýranyň baý we özboluşly sungaty, onuň şu günki ösüş alamatlary bilen tanyşdyran dürli döredijilik çäreleri düzdi. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda guralan sergi amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ussatlarynyň täsin işleri görkezildi. Olaryň çeperçilik, ýerine ýetiriliş özboluşlylygyny agaçdan we galaýydan nepis ýasalan işler, owadan bezelen aýnanyň ýüzüne ýazgy ýazylan önümler, haşamlanan gutujyklar, halylar, milli egin-eşikler, daşy hem-de beýleki önümleri elde işlemegiň däp bolan sungatynyň nusgalary, Gündogaryň nusgawy şygryýetiniň meşhur eserlerindäki pursatlar we gahrymanlar şekillendirilen çeper işler, tebigatyň owadan suratlary görkezdi. Sergä gelenleri fotosuratlar, owadan bezelen kitaplar, žurnallar, kitapçalar, albomlar hem-de beýlekiler häzirki zaman Eýran, onuň gadymy ýadygärlikleri, ajaýyp tebigaty, syýahatçylyk ugurlary bilen tanyşdyrdy. Taryh boýunça okuw hem-de ylmy edebiýat, EYR-niň medeniýeti, halk amaly-haşam sungaty barada gürrüň berýän neşirler giňden görkezildi. Bu ýerde Eýranyň milli aşhanasynyň taýýarlanylyşy nesilden-nesle geçirilip gelinýän tagamlaryna mynasyp baha bermäge mümkinçilik döredildi. Sergide ussatlyk sapaklary däbe öwrüldi. Şonda eýran ussatlary zergärçilik işlerini, kalligrafiýa we grawirlemäni taýýarlamak boýunça dörediji ýaşlar bilen tejribelerini paýlaşdylar. Hepdeligiň çäklerinde Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşykda, ynsanperwer ulgamda özara hereket etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Eýranly amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen kärdeşleri bilen guralan duşuşygy döredijilik alyşmalarynyň hem-de hünär taýdan gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etdi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de “Watan” kinokonsert merkeziniň sahnasynda Eýranyň gadymy şäherleri bolan Töwriziň hem-de Şirazyň toparlary halk döredijilik däplerini we aýdym-saz medeniýetini görkezdiler. Türkmen döwlet gurjak teatrynda iki ýurduň ýaş aýdymçylarynyň, sazandalarynyň we tansçylarynyň gatnaşmagyndaky konsert hem tomaşaçylary begendirdi. “Aşgabat” kino merkezinde häzirki zaman eýran fimleriniň görkezilmegi döredijilik hepdeliginiň çäreleriniň barşynda ajaýyp waka boldy. Mälim bolşy ýaly, häzir özboluşly eýran kinematografiýasy dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde belli režissýorlaryň işleri—“Eýranly gyz” we “Myhman” diýen gülküli kinolar hem-de “Surata geçirilen aýlag” kinofilmi görkezildi. Çuňňur mazmuny, ruhy gymmatlyklara ýüzlenilmegi bilen tapawutlanýan bu filmler abraýly kino gözden geçirilişleriniň baýraklaryna we hormatly sylaglaryna mynasyp boldy. Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet hepleliginiň ýapylyş dabarasynda çäräniň iki ýurduň dostlugynyň hem-de netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir ajaýyp nyşany bolandygyny, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüni ýetirip, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak işine ýardam edýändigi nygtaldy. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanä köptaraply hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandyklary, özara peýdaly ynsanperwer gatnaşyklary giňeldýändikleri üçin hoşallyk bildirdiler. Meşhur eýran aýdymçylary we sazandalary bilen birlikde, türkmen bagşylarynyň, görnükli estrada ýerine ýetirijileriniň, “Arçabil” deprekçiler toparynyň gatnaşan konserti baýramçylygyň jemleýji bölegine öwrülip, onda “Türkmenistan” diýen aýdym dabaraly ýaňlandy. Bu aýdym dostluk hem-de giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan parahatçylyk dörediji ýurdumyzy wasp etdi. Döredijilik forumy türkmenistanlylara Eýranyň baý medeniýeti hem-de häzirki zaman sungatynyň ösüşi bilen, ýurdumyzyň myhmanlaryna bolsa türkmen paýtagtynyň gözellikleri, muzeýiň täsin gymmatlyklary we türkmen halkynyň gadymy taryhynyň hem-de medeni mrarasynyň egsilmejek ähmiýetiniň subutnamalary bolan taryhy ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow