Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
Çap edildi 28.03.2026
37

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Häzirki döwürde Arkadag şäherinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mynasyp derejede dowam etdirilmegi netijesinde, Türkmenistan halkara giňişliginde bagtyýar çagalygyň mekany hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Munuň özi Arkadag şäherinde amala aşyrylýan haýyr işlerde öz beýanyny tapýar.

Ir bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde binýat bolan täze şäherde amala aşyrylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilýär. Bu bolsa Arkadag şäheriniň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Şunda şäheriň ähli çäkleriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär.

Müdiriýetiň mejlisine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy hem-de Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz mejlisde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri, ýetilen sepgitler barada hasabatlaryň diňleniljekdigini aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 5 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda Gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň ýerine ýetirilişi baradaky çykyşlar diňlenildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi. 

O.Atabaýewa ilki bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol Gaznanyň goldawy bilen bejergi alan we saglyklaryny dikelden ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň okamaga, döretmäge, bilimli, ylymly we Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmäge bolan höwesleriniň örän ýokarydygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri tutuş ýurdumyz boýunça näsag çagalara 758 operasiýa geçirilendigi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde şu günki güne çenli 2 müň 467 çaganyň döwrebap sagaldyş-dikeldiş bejergisini alandygy we merkezde innowasion tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylmagy arkaly toplumlaýyn dikeldiş bejergisi ýola goýlandygy barada hasabat berildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň işinde halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hem ähmiýet berilýändigini belläp, O.Atabaýewa hasabatyň çäklerinde geçen ýylda Arkadag şäherinde bu ugra degişli halkara maslahatyň geçirilendigini, oňa onlarça döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşandyklaryny aýtdy. Maslahatyň dowamynda çagalaryň saglygy, irki ösüşi, ýokary hilli inklýuziw bilim ýaly ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns berildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi we ol Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Şeýle hem Monako Knýazlygyna, Özbegistan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna hem-de Katar Döwletine amala aşyrylan saparlaryň netijesinde degişli çözgütler kabul edildi.

2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy hem-de Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi geçen ýylyň haýyr-sahawat gaznasy üçin netijeli ýyllaryň birine öwrülendigini görkezýär diýip, Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we özara tejribe alyşmak ýörelgelerini işjeňleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklaryny berdi.

Gaznanyň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy, Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň döwrebaplaşdyrylmagy şeýle-de «Jahan» döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek baradaky kabul edilen çözgüdiň ähmiýetine üns berildi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarow Gaznanyň işi barada giňişleýin maglumat berýän hasabat bilen çykyş etdi.

R.Bazarow ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň dabaralanýan günlerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan işleri baradaky hasabatyň çäklerinde Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalar edilýändigi aýdyldy.

Munuň özi olara lukmançylyk kömeginiň berilmegi we saglyklaryny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar. Paýtagtymyzyň we ähli welaýatlaryň hassahanalarynyň çagalar bölümine Germaniýa Respublikasynyň B.Braun kompaniýasynyň gemodializ enjamynyň berilmegi çagalaryň saglyklarynyň berkidilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna sowgat hökmünde Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygy barada hasabat berip, R.Bazarow bu işleriň asylly ýörelgeleri ugur edinýän halkymyzyň ynsanperwerlik işleriniň amal bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtady.

Gaznanyň işinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn ornuň degişlidigini belläp, R.Bazarow Gaznanyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular Geňeşiniň nesilleri milli ruhda terbiýelemek ugrunda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz Gaznanyň hojalyk işlerini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýöretmek, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Gaznanyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi edilýän tagallalaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.

Soňra mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Şunda täze şäheriň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri geçen ýylyň sentýabr aýynda Moskwa şäherinde geçirilen gözden geçirilişde “Ýylyň önümi” atly altyn medalyna we degişli diploma mynasyp boldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çaga iýmitleriniň we beýleki degişli önümleriň hil derejesiniň hem-de olaryň ynsan saglygyna täsiriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işleri, aýratyn-da, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň gurluşyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy, bu işleriň depginini güýçlendirmegi we öz wagtynda ulanylmaga berilmegini aýratyn nygtady. Bu babatda türkmen halkynyň milli Lideri özüniň birnäçe görkezmelerini berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlap, ömürleri gülleden bu Gaznanyň gysga wagtda ynsanperwerligiň gaznasyna öwrülendigini nygtady.

«Arkadag Binasynyň» meýdançasynda geçiriljek baýramçylyk dabarasyna häkimlik tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülendigini aýdyp, G.Mämmedowa çäräniň medeni Maksatnamasyna laýyklykda, dabara köp sanly ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Gaznanyň hasabyna bejergi alýan çagalaryň hem-de olaryň ene-atalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurt döwletleri ilçihanalarynyň we halkara guramalary Türkmenistandaky wekilleriniň çagalarynyň hem-de köpsanly ýaşlaryň gatnaşmagynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralaryň täsirli pursatlara, ýatda galyjy wakalara baý bolmalydygyny aýtdy. Şunda baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Oňa ýaşulularyň, ýaşlaryň hem-de çagalaryň işjeň gatnaşmagy üpjün edilmelidir.

Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy Ý.Orazowa ýüzlenip, häzirki döwürde Gaznanyň işini talabalaýyk utgaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň doly derejede hem-de talabalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we onuň işine häzirki zaman, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda möhüm tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz Haýyr-sahawat gaznasynyň iş dolandyryjysy H. Hajymyradowa gaznanyň hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we asylly işleriň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlary esasy ugur edinýän Gaznanyň işini sazlaşykly guramak, täzeçil tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmak ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde zerur işleri amala aşyrmak babatda birnäçe tabşyryklaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa Gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin gönükdirilýän mukdarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy we bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda degişli tabşyryklary berdi.

Häzirki wagtda gaznanyň hasabyna çagalaryň saglyklaryny dikeltmek boýunça köp sanly operasiýalar geçirilýär. Şeýle-de gaznanyň hasabyna daşary ýurtdaky çagalara ynsanperwer kömekler iberilýär. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa ýüzlenip, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek ýaly haýyr işleri baş ýörelge edinýän Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ygtybarly kanunçylyk binýadynyň berkidilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň media habarlar wekili A.Jepbarowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan we milli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan işini giňden wagyz etmek, bu babatda degişli düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de asylly işleri halkara giňişligine çykarmak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 5 ýylyň dolýandygyny belledi we bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy hem-de gaznanyň agzalaryny tüýs ýürekden gutlady.

Türkmeniň ynsanperwerlik ýoly gadymy taryhymyzdan gözbaş alýar. Haýyr-sahawat etmek halkymyzyň asylly däbidir. Bu ýol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşyny, röwşen geljegini üpjün etmek, döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Munuň üçin döwletimiziň berk binýady bar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Häzirki döwürde çagalaryň döwrebap bilim alyp, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi her bir adamyň isleg —arzuwydygyny belledi. Halkymyzda «Öý ýaraşygy çaga» diýlişi ýaly, çagalary goldamak, hemaýat bermek, olaryň geljegi hakynda alada etmek biziň baş maksadymyzdyr. Gaznamyzyň döredilen gününden bäri köp işler amala aşyryldy. Kömege mätäç çagalaryň müňlerçesine yzygiderli goldawlar berildi.

Bu çagalar häzirki wagtda sagdyn durmuşyň şatlygyny duýup ýaşaýarlar. Olaryň döredijilige, ylym-bilime, sporta höwesini göreniňde buýsanjyň has hem artýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlişi ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri bilen häzirki nesilleriň arabaglanyşygyny aýratyn bellemek isleýärin. Birek-birege hormat-sarpa goýmak, halypa-şägirtlik, öwüt-ündew halkymyzyň durmuşyna giňden ornaşandyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty we gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi hem bu işde netijeli işleri alyp barýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Geçen ýyl Haýyr-sahawat gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu maslahatyň gaznanyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrandygyny, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlaryň gaznanyň alyp barýan işine ýokary baha berendiklerini aýtdy.

Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna häzirki wagta çenli dünýäniň köp ýurtlarynyň dürli ýagdaýlar sebäpli kynçylyga uçran çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Biz ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik däplerine eýerip, bu asylly işleri mundan beýläk-de dowam ederis.

Çagalar – bagta, mähre mynasypdyr!

Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi gaznamyzyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup, Watanymyzyň abraýyny belende göterjek ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi we mejlise gatnaşyjylary ýene bir ýola gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
28.03
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
28.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
28.03
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
27.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşyjylara
27.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
27.03
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
26.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow