Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden ýokary hilli hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlere, hususan-da, gowaça ekişine, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işlerine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, häkime sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bu işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda bu işler agrotehniki möhletlerde alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly, ýokary hilli geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda gowaça ekişine girişilip, ony guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek maksady bilen, welaýatda kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlary möwsüme doly taýýar edildi. Häzirki wagtda ýüpek gurçugynyň tohumyny kärendeçilere paýlamaga girişildi. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekişden başlap, ideg etmek işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge ýardam berýändigini belledi we häkime gowaça ekişiniň barşyny, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada-da tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa hem-de ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzda gowaça ekişine girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny we idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.