Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 01.04.2026
1217

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bahar paslynyň gelmegini, tebigatyň täzelenmegini, jebisligini alamatlandyrýan bu nurana baýram mynasybetli Size bagtyýarlyk, berk jan saglyk, ajaýyp ýurduňyza parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasynda taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Mihail KAWELAŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Size Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek mende hoşallyk duýgusyny döredýär. Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin. Gudraty Güýçli Allatagala biziň ybadatlarymyzy öz dergähinde kabul edip, musulman ymmatynyň gymmatlyklaryny goramakda bize medet bersin!

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Bassiru Diomaý FAÝ,
Senegal Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Size mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Beýik Allatagala bu mübärek baýramy hemmämiz üçin ýagşylyga, rysgal-berekede, abadançylyga beslesin! Her ýylyňyz bagtly we abadan geçsin!

Raşad Muhammad AL-ALIMI,
Ýemen Respublikasynyň Prezident ýolbaşçylyk geňeşiniň başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Size Oraza baýramy mynasybetli parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Jafar HASAN,
Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Premýer-ministri we goranmak ministri.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow