Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 09.04.2026
27

Geçen aýda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan syýasy geňeşmeler, köp sanly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar, işewürlik gepleşikleri, sergilerdir forumlar, medeni çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi.

3-4-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini, özara söwdany ýokarlandyrmagy, ulag-aragatnaşyk, energetika, suw serişdeleri, senagat, gurluşyk, oba hojalygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, raýat awiasiýasy, ýaşlar syýasaty, sport ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmegini öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirilip, onuň barşynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehniki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň işi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýär.

4-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň adam hukuklary boýunça özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan, milli aýratynlyklary nazara alýan oňyn dialogyň tarapdary bolup çykyş edýändigi nygtaldy. Şunda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň hukuk goraýyş syýasatyny utgaşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde wajyp meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

7-nji martda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Ýakyn hem-de Orta Gündogar sebitindäki ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgesiniň bozulmagyna ýol bermezlik, sebitdäki ýagdaý bilen bagly käbir ynsanperwer meseleler barada pikir alyşdylar.

9-njy martda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda soňky ýyllarda geçirilen möhüm ikitaraplaýyn çäreleriň netijesinde bilim, medeniýet, arheologiýa, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berlendigi kanagatlanma bilen bellenildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.

9-10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle hem Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ilçihanalary bilen bilelikde guraldy. Bu okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň, döwlet gullukçylarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, tejribe we bilim alşygyny ýola goýmaga, sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde diplomatik tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyna aýratyn üns berildi.

Maslahatyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirilip, oňa daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan işgärleri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň zenan mugallymlary, talyp gyzlar gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyç zenanlaryň diplomatiýadaky ornuny has-da berkidýär. Şeýle hem zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, halkara hyzmatdaşlykda gazanýan üstünlikleri aýratyn nygtaldy.

11-nji martda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Peter wan Roýuň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyz halkara hukugyň berkidilmegine, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegine, goşulan konwensiýalarynyň hem-de baglaşan şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna HZG bilen hyzmatdaşlygyň esasy şerti hökmünde garaýar.

12-nji martda Daşary işler ministrliginde Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giring bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek, durmuş ugurly syýasaty pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji martda Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen geçirilen duşuşygyň barşynda bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Onda sebitleýin howpsuzlygyň ynsanperwer ölçeglerine, ilatyň goraglylyk meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy.

14-nji martda hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler iberildi. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly ýagşy dessurlary kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak arkaly dowamata atarylýar.

17-nji martda Daşary işler ministrliginde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, şol sanda CICA bilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň arasynda dialogy ösdürmek, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda özara gatnaşyklar, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň 2021-nji ýyldan bäri Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşde synçy derejesine eýe bolmak bilen, guramanyň Aziýa giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen maksatlaryny goldaýandygy nygtaldy.

17 — 19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça HHR-e amala aşyran dostluk sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde nobatdaky ädim boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşyklary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň bolsa HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyklarda bellenilişi ýaly, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, çuňňur ykdysady integrasiýa esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ulgamlary, şol sanda energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Halkara giňişlikde ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Taraplar ähli gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edip, dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky çuňňur syýasy ynamy tassyklaýar.

18-nji martda Daşary işler ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermers bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Mahir Safarli bilen geçirilen duşuşygyň barşynda BMG-niň bu düzümi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns çekildi, Türkmenistanyň halkara borçnamalara ygrarlydygy bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň agzalan müdirligiň ählumumy başlangyçlaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji martda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilen serginiň çäklerinde guralan bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak, göni gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň toplumyna gol çekmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.

20-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler birek-biregi we iki ýurduň doganlyk halklaryny mukaddes Oraza baýramy, Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. “Şeýle baýramlary bilelikde bellemek bilen, biz türkmen hem-de özbek halklarynyň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrýarys, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadynyň köp babatda parahatçylygyň, adalatlylygyň beýik taglymlaryna umumy ygrarlylyk bilen kesgitlenilýändigine ynam bildirdi.

23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

23-nji martda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Dostlukly ýurduň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

24-nji martda Daşary işler ministrliginde Uganda Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okello bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga üns çekilip, parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş meseleleri boýunça iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

25-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW), şeýle hem Gender deňligini üpjün etmek babatda ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky halkara borçnamalara, şol sanda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýanyň düzgünlerine ygrarlydygy bellenildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça baş müdirliginiň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde hem-de «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» dialogynyň çäklerinde mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, ÝB-niň Türkmenistanda we sebitde ýaşlary goldamaga, durnukly energetika, söwda, sanly özara baglanyşyk ýaly ugurlara gönükdirilen birnäçe maksatnamalaryny, taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji martda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, çagalaryň döredijilik we aň-bilim ukyplarynyň ösdürilmegine, mugallymlaryň taýýarlygynyň, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNISEF bilen bilelikde birnäçe başlangyçlar, şol sanda 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap, bäş ýaşly çagalar üçin ýarym günlük toparlaryň açylmagyny göz öňünde tutýan mekdebe taýýarlyk boýunça synag maksatnamasyny işe girizmek başlangyjy üstünlikli amala aşyrylýar.

26-njy martda Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň şu ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde mejlisiň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meselelerini ylalaşmak hakynda Teswirnama gol çekildi.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde geçirilen “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy, şeýle hem metbugat maslahaty, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

26-njy martda Aşgabatda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, birnäçe döwletleriň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar. Maslahatda gender deňligini pugtalandyrmak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ynsanperwerlik ýoly” atly halkara maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Maslahatda bu guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň we meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, özara tejribe alyşmaga şert döredýär. Nygtalyşy ýaly, TGÝMJ-niň alyp barýan işleri Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň ynsanperwerlik, özygtyýarlylyk, meýletinlik ýaly esasy ýörelgelerine laýyk gelýär.

27-nji martda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem gaznanyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen geçirilen duşuşygyň barşynda reproduktiw we enäniň saglygyny goramak, gender deňligini ilerletmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini, hususan-da, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň işiniň, onuň her ýyl geçirýän mejlisleriniň netijeli häsiýetini nygtadylar. Iki ýurduň arasynda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, özara söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

30-njy martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bilim, durmuş goraglylygy, durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mekdebe çenli bilim ulgamyny, hünärmenleri taýýarlamak, täze iş orunlaryny döretmek, institusional gurallary kämilleşdirmek ýaly jemgyýetçilik işi ulgamyny ilerletmek bilen bagly meselelere garaldy.

Daşary işler ministrliginde Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpon bilen geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-njy martda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigine üns çekildi.

30-31-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkantda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar. Forumyň dowamynda häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda parahatçylygy we howpsuzlygy, ekologik abadançylygy üpjün etmäge, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmäge, ulag geçirijilerini döretmäge we giňeltmäge, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmaga, ylym, bilim, syýahatçylyk ýaly ugurlarda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

31-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, halkara meýdançalarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi hem-de birek-biregiň başlangyçlaryna mundan beýläk-de özara goldaw bermäge taýýarlyk tassyklanyldy.

31-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alyp barýan daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda wajyp ädim boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine garaldy we metan zyňyndylaryny azaltmak, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň jemleri boýunça 2026-njy ýyl üçin öňünden ylalaşylan birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan dürli çäreler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow