Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Çap edildi 10.04.2026
855

Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!

Garaşsyz ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ynha, şu gün hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň şaýady bolýarys. Biz şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Men siziň ähliňizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Ata-babalarymyz bize ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly däpleri miras goýupdyrlar. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Örän iri, möhüm ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlarda ýol-ulag ulgamlary has-da giňeldilýär. Döwletleri, halklary we sebitleri birleşdirjek ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman täze awtomobil ýollaryny yzygiderli gurmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki döwürde Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli ösdürip, bu ugurda halkara bileleşik, goňşy we hyzmatdaş ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Ulag ulgamynda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň ilkinji ýylynda şeýle iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bedew batly ösüşlerimize şaýatlyk edýär.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Irki döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýurdumyzyň üstünden geçipdir. Häzirki döwürde biz bu ýoly döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli tagallalary edýäris. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem bu ugurda örän möhüm ähmiýete eýedir.

Bilşiňiz ýaly, 2019-njy ýylyň başynda hormatly Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu ýoluň Aşgabat — Tejen, Tejen — Mary aralygyndaky iki tapgyry ulanmaga berildi. Bu gün bolsa bu ýokary tizlikli ýoluň gurluşygy doly tamamlandy. Döwrebap ýoluň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Halkara derejeli bu awtomobil ýoly 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ol dünýä ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Täze ýoluň geçýän ugrunda ýolagçylar, sürüjiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýoluň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän köp sanly köprüler, suw geçirijiler, ýörite geçelgeler, ýangyç guýujy beketler bina edildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş, gözegçilik we dolandyryş ulgamlary göz öňünde tutuldy.

Hormatly adamlar!

Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny ýurdumyzyň paýtagty bilen birleşdirýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün eder. Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukyby, logistik hyzmatlaryň hili ep-esli ýokarlanar. Ol sebitleriň ösmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna güýçli itergi berer. Şeýle hem onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky goňşy döwletlerimiz bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Lebap welaýaty, 2026-njy ýylyň 10-njy apreli)

Soňky habarlar
28.05
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.05
Türk­men hal­ky­nyň baý ru­hy dün­ýä­si­niň, kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy
27.05
Ru­hy tä­miz­li­giň we kämilligiň baý­ra­my
27.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
27.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.05
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
26.05
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisindäki ÇYKYŞY
26.05
Jemgyýetiň ösüşinde ýaşuly nesliň durmuş tejribesini goldanyp
26.05
Netijeli hyzmatdaşlyk we döredijilikli zähmet — Watanymyzyň täze sepgitleriniň binýady
top-arrow