Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Syýasy habarlar
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Çap edildi 15.04.2026
45

Şu gün Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyza saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan şäherde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ynsan saglygyny goramak, näsag çagalara hemaýat bermek işleri-de ýokary derejede alnyp barylýar. Şunda haýyr-sahawat gaznasynyň tagallalaryna möhüm orun degişlidir.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory we wekiliýet agzalary bilen duşuşygy boldy.

O.Atabaýewa dostlukly ýurduň wekiliýetini türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy bilen gutlady. Gaznanyň wise-prezidenti iki ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny belläp, bu wakalaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Myhman Türkmenistanda saparda bolmagyň çäklerinde dünýäde asylly işleri amala aşyrýan gazna hökmünde ykrar edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşyp, degişli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

O.Atabaýewa bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, ýurtlarymyzy dostluk we birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň yzygiderli üns bermegi netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça has-da ilerledilýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Pekinde HHR-iň Başlygy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem O.Atabaýewa iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigine, şu ýyl gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna 20 ýyl bolýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda işjeňleşdirilýändiginiň beýanydyr.

Gaznanyň wise-prezidenti Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň çakylygy boýunça iş sapary bilen Hytaýda bolandygyny we saparyň çäklerinde bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirendigini aýtdy. “Şonda Sun Sinlin adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Häzirki döwürde resminamadan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär” diýip, O.Atabaýewa sözüni dowam etdi. Ol gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çagalaryň saglygyny goramak, toplumlaýyn bejeriş we dikeldiş işlerini alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, wekilçilik edýän gaznasynyň 2021-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça döredilendigini nygtady. Şunda çagalaryň saglygyny goramak, olar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek meselelerine zerur üns berilýär.

O.Atabaýewa şu ýyl gaznanyň döredilmegine 5 ýyl bolandygyny belläp, şu döwürde köp sanly haýyr-sahawat işleriniň amala aşyrylandygyny, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli ugurlar boýunça çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigini aýtdy. Gaznanyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 150 orunlyk çagalar bagy hereket edýär. Olarda sagaldyş işleri bilen bir hatarda, çagalaryň okuw sapaklaryny özleşdirmekleri ugrunda-da tagalla edilýär. “Milli derejede aýdylanda, haýyr-sahawat gaznasy näsag we beýleki durmuş goldawyna mätäç çagalara ýardam bermek boýunça döwlet düzümleri, jemgyýetçilik guramalary, raýat jemgyýeti bilen bilelikde işleýär” diýip, gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň işini mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Gazna çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen birlikde, olaryň ahlak, aň-paýhas, beden taýdan ösüşine hem goldaw berýär, bilim we sport toplumlarynyň gurluşygyna ýardam edýär. Bu işleriň ählisi çagalaryň nurana geljeginiň bähbidine gönükdirilýän goşantdyr.

O.Atabaýewa adaty däl lukmançylygyň aýratynlyklary we onuň gazananlary bilen gyzyklanýandyklaryny belläp, lukmançylygyň bu görnüşini çagalaryň saglygyny goramakda peýdalanmak üçin hytaý tarapynyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentine hoşallyk bildirip, dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýän Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Rektor häzirki döwürde Awstraliýada, Russiýada, ABŞ-da, Germaniýada Adaty däl lukmançylyk merkezleriniň açylandygyny, bu sanawa Türkmenistanyň hem goşulmagynyň ýurtda ynsan saglygyny goramaga, bejerişiň ähmiýetli ugurlaryny peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini subut edýändigini aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bu ýerde tebigy dikeldiş bejergisiniň ippoterapiýa görnüşiniň ýola goýlandygyna ünsi çekdi.

Soňra Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugradylar. Myhmanlar ýolugra merkeziň çäginde dürli oýunlara güýmenýän çagalaryň şatlykly pursatlaryny synladylar. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýändigini görkezýär.

Merkeziň lukmanlary näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri, merkezde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, merkezde bejeriş işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şunda näsag çagalaryň saglygyny dikeltmekde häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlary, bedenterbiýe maşklarynyň döwrebap usullary utgaşykly ulanylýar. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliň ýokarlandyrylmagynda, olaryň täsirli bolmagynda ähmiýetlidir.

Hytaýly myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem baryp görüp, bu ýerde alnyp barylýan işler, atçylyk sirkiniň özboluşlylygy, çagalaryň daýanç-hereket ediş synalaryny berkitmekde at üstündäki hereketleriň, ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan “akylly” şäheriň atçylyk sirkinde alnyp barylýan toplumlaýyn işler ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi ýaly asylly çäreler bilen hem utgaşdyrylýar.

Soňra bu ýerde milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren we bu ugur boýunça halkara festiwallaryň birnäçesinde ýeňiş gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi. Ýelden ýüwrük bedewleriň tizligi bilen ussatlyk derejesine ýeten ýigitleriň we gyzlaryň sazlaşykly hereketleri myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we saparyň maksatnamasynyň täsirli işlenip düzülendigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar saparyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow