Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 15.04.2026
43

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunda Türkmenistan bilen ýola goýlan ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

“Biziň döwletlerimiz deňhukukly ýörelgeler, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň sentýabrynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de bu forumyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary köptaraplaýyn esasda ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Koreýa Respublikasy ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. “Daewoo” kompaniýasy Türkmenistanyň himiýa pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Ilçi giň gerimli senagat taslamalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belläp, koreý kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly orny nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Aşgabat şäherinde Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň hereket edýändigini belledi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de dürli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Ilçi Li Wonje wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Jenap Li Wonjeni Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belländigimi Siziň Alyhezretiňize habar bermek hormatyna eýedirin. Li Wonjeniň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary onuň öz wezipesini ýerine ýetirende Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Koreýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw edýärin.

Li Çže Mýon,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow