Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
Çap edildi 04.05.2026
1085

2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdşeligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, şol sanda dawalaryň hem öňüni almaga gönükdirilen syýasy-diplomatik usullary we serişdeleri ulanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar Hazar meselesiniň käbir ugurlaryna degip geçdiler, hususan-da, Hazaryň parahatçylygyň, ylalaşygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň giňişligi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şol bir watgda, Hazar deňzinde ekologiýa meselelerini çözmek boýunça köp taraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler we şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary alyp barmagy ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat-gullugy

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow