Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Çap edildi 08.05.2026
33

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Türkmenbaşy şäherine tarap ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyz mähirli garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna tarap ugrady.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Balkan welaýaty hem sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Türkmen hünärmenleriniň ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetli bolan gury ýük gämisini gurmagy guwandyryjy wakadyr. Munuň özi Diýarymyzda ulag-logistika ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny görkezýär.

Häzirki döwürde yklymyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri netijeli ulanylýar. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa sebitiň çäklerinde halkara söwda dolanyşygynyň mukdarynyň artmagyny, ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Şunda Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň sebitiň üstaşyr ulag merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Ulag-logistika ulgamynyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyz üçin Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi, howpsuzlygy berkitmegiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň özi geçmişde ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine giň ýol açýar.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň halkara ähmiýetli ulag merkezine, sebitde iri logistika çatrygyna öwrülmegini üpjün edýär. Şunda ýurdumyz dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn ulanylmagyna gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

...Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” atly gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz täze gurlan gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, milli deňiz pudagyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny, üstaşyr hem-de halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny, döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi.

“Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli ösdürip, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 6 sany Kararnama kabul edildi. Bu möhüm Kararnamalar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan köp sanly halkara maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli tagallalaryň edilýändigini belläp, bu ugurda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm waka boldy.

Häzirki wagtda bu zawodyň işi deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna halkara derejede birnäçe şahadatnama gowşuryldy. Munuň özi döwrebap ýük gämileriniň gurluşyk işlerini alyp barmakda uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün ýurdumyzda ýük gämisini gurmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisiniň gury ýükleri daşamaga niýetlenendigini, onuň ýük göterijiliginiň 6 müň 100 tonnadygyny, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydygyny belledi. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar. “Koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ugradylýan, ýurdumyza getirilýän we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletlere öz ýüzüşlerini amala aşyrjak bu gämileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Gadamly» ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärlerine, hünärmenlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna guralan dabara gatnaşýan Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology” kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon Uka söz berildi.

Myhman, ilki bilen, bu dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli hemmeleri gutlady. Munuň özi taryhy ähmiýetli waka bolmak bilen, Türkmenistanyň ähli ugurlar, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Nygtalyşy ýaly, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gury ýük gämisiniň gurulmagy bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy düzümleriniň biri bolan kärhananyň halkara ähmiýetli ýükleri daşamaga ukyply döwrebap ýük gämilerini gurmak mümkinçiligine eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi bu kärhananyň kuwwatynyň halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrmak, dünýäniň deňizçilik ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin zerur bolan tehniki mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň güwäsidir.

Soňra Çhwe Ýon Uk “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hem-de täze gurlan gäminiň ýokary inženerçilik çözgütleri we gurnama işleri üçin berlen halkara güwänamalary gowşurdy.

Soňra Fransiýa Respublikasynyň “Bureau Veritas Marine & Offshore” kompaniýasynyň menejeri Samat Kamalowa söz berildi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we bu çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdy. Täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi mynasybetli guralýan dabara diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, sebit derejesindäki taryhy ähmiýetli wakadyr. Şeýle hem ol “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli we täze gäminiň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini nazara alyp, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem-de gäminiň özüne ýörite güwänamalary gowşurmagy özi üçin uly hormat hasaplaýandygyny nygtady. “Gadamly” gury ýük gämisi häzirki zaman ekologik ölçeglerine laýyklykda guruldy. Munuň özi bu kärhananyň gämi gurluşygy babatda dünýäniň ösen tejribelerine laýyk gelýän strategik çemeleşmeleriniň we bu ugry ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň netijesidir. Bu bolsa Türkmenistanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri üpjün edýär. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde ykrar edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebit ähmiýetli derejesini yzygiderli pugtalandyrýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Gadamly” gury ýük gämisiniň girelgesiniň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy deňiz we derýa ulaglary işgärleriniň lybasyndaky çagalar şadyýan goşgulary bilen garşyladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtyýar çagalara minnetdarlyk bildirip, olara sowgatlary gowşurdy. Çagalar çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Şanazarow hormatly Prezidentimize “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe doly taýýardygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, gury ýük gämisiniň gurluş aýratynlyklary we onda döredilen şertler bilen tanyşdy. Gämi gurluşygy we enjamlaşdyrylyşy babatda ýokary halkara deňizçilik kadalaryna doly laýyk gelýär. Gämi gurluşygy boýunça ýerli hünärmenleriň, inženerleriň, tehniki işgärleriň ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny geçmekleri hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrdy. Bu bolsa täze gäminiň gurluşygynyň ýokary halkara görkezijilere laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etdi.

Gäminiň kapitany täze gäminiň gurluşygyna döwlet tarapyndan berlen hemaýat-goldawlar, öndürijilikli işlemek ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda logistik netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen, giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny we bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini işjeň özleşdirmek üçin halkara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Bu bolsa portuň ähli düzümleriniň işiniň häzirki zaman talaplaryna kybap derejede berjaý edilmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz gäminiň kapitanyny täze gäminiň ýüzüşe goýberilmegi bilen gutlap, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra gäminiň kapitany hormatly Prezidentimizden “Gadamly” ýük gämisini işe girizmäge ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi. Gäminiň kapitany Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen ýörite düwmäni basýar. Şeýlelikde, gäminiň baş hereketlendirijisi işjeň ýagdaýa geçýär. Gäminiň zogunyň çalynmagy bilen deňizçilik ulgamynyň asylly däbi berjaý edilýär. Bu bolsa asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir gezek hemmelere uly üstünlikleri arzuw edip, “Gadamly” gury ýük gämisinden düşdi. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi bilen gutladylar. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag geçelgeleriniň işjeň ulanylýandygynyň we ulag-logistika düzümlerinde alnyp barylýan işleriň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz «Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň ýurdumyzyň ähli ugurlarda, şol sanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde edýän tagallalarynyň aýdyň netijesine öwrülen taryhy wakadygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ýagşy dessurlaryna eýerilip, täze gäminiň ulanmaga berilmegi mynasybetli milli ýörelgeler berjaý edildi. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyklylykda dili senaly eneler täze gämä “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen däbe eýerip, ak un sepdiler. Onuň ýanynda müň derdiň dermany hasaplanýan üzärligiň tütedilmegi we gäminiň şturwalyna alaja dakylmagy asyrlar aşyp gelýän milli däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýanyna öwrüldi.

Şeýle hem bu ýerde “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň hormatyna toý sadakasy berildi.

Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
top-arrow