Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
Çap edildi 11.05.2026
19

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara sergi oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy başlangyçlar, senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullar babatda netijeli çözgütler bilen ýakyndan tanyşmak hem-de tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat eder. Sergide sazlaşykly ösüşi, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giňeltmek babatda amatly şertler dörediler.

Türkmenistanda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzda önümçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zamanyň kämil tilsimatlaryna daýanýan ykdysady ulgamy ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini artdyrmak, eksport ugurly kuwwatlyklary ýokarlandyrmak boýunça döwlet derejesinde möhüm işler amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan goldaw berlip, üstünlikli durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryna ýokary tehnologiýalary, innowasion başlangyçlary ornaşdyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda şu gün öz işine başlaýan halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde doly derejeli we sagdyn iýmitlenmegiň elýeterli bolmagy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Azyk howpsuzlygyny berkitmek hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek ugurlarynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Azyk önümlerini öndürmegiň durnukly ulgamlaryny döretmek we oba hojalygyny alyp barmagyň önümçilik möçberini artdyrmaga, ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam edýän usullary ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda uzak hem-de orta möhletli maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba hojalygyny, azyk we gaýtadan işleýän senagatyň pudaklaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde agrosenagat pudagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmekde, ilatyň dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini durnukly kanagatlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Häzirki döwürde hususy önüm öndürijiler döwlet goldawyndan peýdalanyp, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Ekerançylykda, maldarçylykda, guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmekde, eti we süýdi gaýtadan işlemekde, süýji-köke önümlerini, miwe şirelerini, ter we gaýtadan işlenen gök-bakja önümlerini öndürmekde uly üstünliklere eýe bolýarlar. Türkmen telekeçileri öz öndürýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri bilen içerki bazaryň azyk bolçulygyny ýokarlandyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly dünýä bazarlarynda ornuny barha berkidýärler.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň hem bu ugurdaky başlangyçlary, öňde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda dünýä ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda netijeli çäre bolup hyzmat etjekdigine hem-de gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Sizi «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow