Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 12.05.2026
29

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbiniň ýyl-ýyldan gözelleşýändigini nygtap, Milli Liderimizi Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze sepgitlere çykarmak nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady hem-de Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim we medeniýet ýaly strategik ugurlary öz içine alýan türkmen-malaý gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtap, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde Malaýziýanyň kompaniýalarynyň mynasyp goşandyna ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetine ýokary baha berilýändigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilelikde köp işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy we pursatdan peýdalanyp, kompaniýanyň işgärlerini bu iri energetika düzüminiň Türkmenistanda işe başlamagynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Öz gezeginde, myhman Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasyna netijeli iş alyp barmaga berilýän goldaw üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny bildirip, kompaniýanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri geçen döwrüň içinde «PETRONAS» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde we nebitgaz pudagy üçin ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamakda uly goşant goşan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýurdumyzyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hazar deňzindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri barada pikir alyşdylar. Tan Şri Mohd Hassan Marikan Malaýziýanyň harytlyk gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek we burawlamak boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz bu teklipleriň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Malaýziýanyň wekili kompaniýanyň bu ugurda birnäçe teklipleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Malaýziýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň strategik ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza amala aşyrjak saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny, munuň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, energiýa tygşytlaýjy ulgamlary kämilleşdirmekde, ekologik howpsuzlygy berkitmekde hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
top-arrow