Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 23.05.2026
1187

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde ýurdumyza gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri oňyn Bitaraplyk syýasatymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýady, halkara giňişlikde alyp barýan işiniň ýolgörkezijisi bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen ilkinji Kararnama hem türkmen Bitaraplygy bilen baglydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama Milletler Bileleşigine şol wagtky agza ýurtlaryň 185-si tarapyndan ilkinji gezek kabul edildi. 2015-nji ýylyň iýunynda we 2025-nji ýylyň martynda bu taryhy Kararnama ýene-de iki gezek ykrar edildi. Şunlukda, Türkmenistan Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk döwlet boldy. Munuň özi bitaraplygyň parahatçylyk döretmek mümkinçiliginiň geriminiň has giňdigini äşgär edýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen Bitaraplygy biziň häzirki zaman dünýägaraýşymyzy, toplan tejribelerimizi, dostluk we hoşniýetlilik däplerimizi açyp görkezýär. Bu günki gün Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, döwrüň wajyp meselelerini özara ynanyşmak we dialog arkaly çözmegiň möhüm guralyna öwrüldi.

Siziň başda durmagyňyzda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň kadalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edip gelýär. Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde dünýä senenamasyna girizilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 2021-nji we 2025-nji ýyllaryň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň alyp barýan işi, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli Kararnamalaryň 30-dan gowragynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde belent abraýa eýedigini görkezýär. Biziň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly şygarymyzdan gözbaş alýan başlangyçlarymyz durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, halklaryň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge gönükdirilendir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda biragyzdan tassyklanan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama 47 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza goýulýan uly hormat-sarpadan nyşan bolup, häzirki zaman şertlerinde Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň wajyplygynyň has-da artýandygyny tassyklaýar. Täze Kararnamada dürli ýyllarda ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň, Diýarymyzda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýetiniň ykrar edilmegi bizi örän buýsandyrýar.

Türkmen Bitaraplygy — bu parahatçylygyň ýoludyr, halkymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýan düýpli taglymatydyr. Täze kabul edilen Kararnama bolsa Watanymyzyň saýlap alan ýolunyň örän dogrudygyny ýene bir gezek aýdyň subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi BMG-niň Baş Assambleýasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňiz mundan beýläk-de rowaç bolsun! Goý, Bitaraplyk taglymatymyzdan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik gymmatlyklary döwletimiziň adyny arşa götersin!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow