Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 22.05.2026
1017

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Sergeý Lebedew bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köptaraply dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň GDA agza döwletleriň bähbidine wajyp ylalaşyklaryň gazanylmagyna şert döretjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär hem-de ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmek wezipesine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýär. Ýurdumyzyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu Konsepsiýa köp sanly möhüm çäreleri özünde jemläp, bu ugurdaky meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ählisi bellenen möhletlerde, yzygiderli we talabalaýyk amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de Arkalaşygyň howandarlygynda guraljak halkara çäreleriň myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi we bu sammitiň ýylyň esasy wakasy boljakdygyny belledi. Bu ýokary derejeli forumyň çäklerinde Arkalaşygyň giňişliginde özara ynanyşykly hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilen anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärler toparyna we Baş sekretar Sergeý Lebedewe bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygy guramakda görkezýän ýokary hünär ussatlygy hem-de jogapkärçilikli çemeleşmeleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow