Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Çap edildi 22.05.2026
786

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini kabul etdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Belarus Respublikasynda Türkmenistana ygtybarly we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Aleksandr Turçine Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu mejlisiň işine gatnaşmagynyň Belarus Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Belarusuň arasynda dürli derejedäki gatnaşyklaryň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň dowam etdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda senagat kooperasiýasynyň ösdürilýändigi, özara bähbitli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Köp sanly türkmen ýaşlary Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge, tejribe alyşmaga we döwrebap lukmançylyk usullaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Öz gezeginde, Aleksandr Turçin Türkmenistanyň Belarus Respublikasynyň ozaldan gelýän ýakyn hyzmatdaşydygyny, iki ýurduň birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow