Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 25.05.2026
29

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatda pile boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda taýýarlanylan piläni ýygnamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görülmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işine girişildi. Welaýatda şaly ekiş dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine we mukaddes Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Gurban baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli tabşyryklar berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine hem-de Gurban baýramy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, galla oragyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri alyp barmak babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatlarda galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy babadaýhanlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
25.05
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
25.05
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
25.05
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy
25.05
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
25.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan gowrak boldy
25.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
25.05
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
top-arrow