Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 25.05.2026
27

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy. 

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. Ahmet Çalyk Aşgabadyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede gözelleşendigini aýratyn nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, işewüri paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara serginiň we maslahatyň geçirilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkiýeli işewür türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine we durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere buýsanýandygyny belledi. Şeýle hem ol döwlet tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, hususan-da, türk kompaniýalary üçin döredilýän amatly şertleri özlerine bildirilýän uly hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işlejek sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Türkmenistanda köp ýyllardan bäri işleýän türk kompaniýalary, esasan-da, Ahmet Çalygyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar topary ýurdumyzyň senagat we durmuş maksatly möhüm binalarynyň hem-de döwrebap saglyk merkezleriniň gurluşygyna gatnaşýar. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň wajyp taslamalary bolan Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin geljekde lukmançylyk ugrunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has hem berkitmek üçin Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň gurluşyklary bar.

Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini hem ýerine ýetirýändigini aýdyp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz energetika desgalaryny, saglygy goraýyş merkezlerini, atçylyk toplumyny enjamlaşdyrmakda häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryndan ugur alynmalydygyny, toplumlaryň işiniň ösen tejribeler we ylmyň gazananlary esasynda ýola goýulmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda athanalaryň howa çalşygyny üpjün edýän, bedewleriň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklaýan tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmalydyr, athanalaryň düşek örtükleriniň döwrebaplygyna üns berilmelidir we bu ýerde ippoterapiýa usuly boýunça degişli çäreleri guramak üçin mümkinçilikler döredilmelidir. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň baş şertidir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň başynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk we atçylyk sporty boýunça köp sanly çäreleriň, şol sanda halkara forumlaryň we bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara çärelerde türkmen bedewleriniň meşhurlygynyň artmagy halkymyzyň “At — myrat” diýen paýhasly jümlesiniň aýdyň beýanydyr. Pursatdan peýdalanyp, Ahmet Çalyk “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Işewür bu festiwala Bilal Ärdoganyň hem gatnaşyp, behişdi türkmen bedewleriniň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edendigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza salamyny, “Galkynyş” toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli gutlaglaryny iberendigini aýtdy. Şeýle-de ol Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk ulgamyna degişli çärelere gatnaşmaga isleg bildirýändigini belledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam etdirjekdigine berk ynam bildirildi.

Işewür ata Watany bolan Türkmenistanda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ynanylmagynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, öz öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşykda Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň dokma senagatynda tanalýan görnükli işewür, belli şahsyýet, Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. «Merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun!» diýip, hormatly Arkadagymyz işewüre hem-de onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy.

Ahmet Çalyk medet beriji sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň kyblasynyň aradan çykandygy sebäpli duýgudaşlyk bildirilip, aýat okaldy. Onda merhumyň imanynyň hemra, jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy dileg edildi. Munuň özi türkmen halkynyň ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär.

Türkiýeli işewür Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Soňky habarlar
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
25.05
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
25.05
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
25.05
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy
25.05
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
25.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan gowrak boldy
25.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
25.05
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
top-arrow